On ýyldan gowyrak boldy pul kollektsiýa etýän. Şuwagt 500 töwerek kagyz pul [banknot] we 1000-den kän köpük [moneta] boldy. Araňyzda gyzyklanýan bar bolsa habarlaşalyň. Dünýa standartyna görä kagyz pul ýagdaýynyň derejenlendirme terminleri UNC(uncirculated, 10) Ellenmedik, eplenmedik, hiç hili ulanylmadyk ýagdaýda. Halkyň hatda bank işgäriniň hem eli degmedik. Reňkleri belli we öwüşginli, gyralary ýyty we dörtburç. AU(almost or about uncirculated, 9) Çalaja bank maşynkalarynyň sanan yzy bildirer, burçynda ýada ortasynda çalaja yz bolar. EF ýada XF(extremely fine, 8) Iki-üç ýerinden azajyk eplenen ýada ýekeje gatyrak eplenen. Kagyzy arassa we hakyky öwüşgini bar. Burçlaryndaky çüňk çalaja ýiten. VF(very fine, 7) Özüne çekiji, ýöne ulanylandygy bildirýär. Wertikal ýada gorizantal eplenen ýerlery, ýenede renk kiri bolmagy ahmal. Kagyzy ýumşamadyk, gyralary doly dörtburçlygyny ýitirmedik. F(fine, 6) Aýlanşykda ulanylandygy arkaýyn bildirýär, eplenen ýerleri kän. Kagyzy hapa däl ýöne ýumşak. Gyrasynda kiçijek ýertik bar ýöne şekilli ýerine ýetmedik. VG(very good, 5) Gowy ulanylan, zaýalanmadyk, bitin ýagdaýda. Burçlary aýlowly, kertikli. Belli bolýan renk kiri, iňňe ýaljak deşikler bolmagy ahmal. G(good, 4) Gowy edip ulanylan, köp wagt ulanylanlygy üçin hem zaýalanan. Ýertilip gopan kiçijek kemli ýerleri bardyr ýada deşikdir, kirlidir. Kagyzda şekiller, çyzyklar bolmagy ahmal. F(fair, 3) Jylky çykýança ulanylan. Ýertik, deşik ýada belli bir bölegi ýok. P(poor, 2) Mata ýalak bolan pul.
Kolleksiýa
-
Ga1taman
17 years ago
- tüweleme.. 500 kagyz, 1000 töweregi köpük yygnamak kyn düşendir..
nadip yygnayanyz??
we nadip başladynyz bu işe??
menem 7-8nji klaskam yygnap başlapdym..
men dine köpük yygnayadym..
ony hem garajdan, yerden zatdan tapan önki sowet döwürne degişli köpükler..
son-son agam daşary yurtdan getiripdi birazjyk..
jemi sanasan 50ni geçmez yöne.. :)
son gyzygy gaçdy, taşladym.
-
cendrillon
17 years ago
- mc_merw,niranin pullary bar kolleksiyanda?
-
mc_merw
17 years ago
- Balgarlaryň lewasy bilen ýygnap başladym, soň daşary ýurda giden tanyşlar getirip başlady. Turkiýa gelemsoň tomus turizmda fotograf bolupdym, şonda epesli ýygnadym. Internetden tanyşlar ugratdy. Seýrek duş gelýänleri eBay, gittigidiyor ýaly sahyplardan satyn aldym. Başga kollektsioner bilen alyş çalyş etdim.
Bir gyzyksaň goyup bolonok.
-
mc_merw
17 years ago
- SSSR we ex-Sovet döwletler
Gündogar ýutlary (Hytaý, Malaýziýa, Singapur, ...)
Arab ýurtlary (Siriýa, Müsür, ...)
Amerika (Meksika, ABŞ, Kanada)
Ýewropa (Turkiýe, Slaw ýurtlar, Ýewrodan öňki pullar, ...)
Araňyzda marka ýygnaýan bar bolsa, mende seýrek markalardan bar, ugradyp bilerin.
-
Shazada
17 years ago
- obshiy alanda manatda nache bolyaninam ayt?? =))))
-
kakabay
17 years ago
- araňyzda çüýşe ýygnaýan ýokmy.2 halta dur.
shazada manady b\\n gyzykýan bolsaň,50-60 müň manada çykar,bedeve ýetmezmi!
mc_merw 17 years ago- Terminleriň turkiýedäki ulanylýan garşylygy:
10 UNC (uncirculated) - ÇIL, (çil)
9 AU (almost or about uncirculated) - ÇA (çil altı)
8 EF ýada XF (extremely fine) - ÇÇT (çok çok temiz)
7 VF (very fine) - ÇT (çok temiz)
6 F (fine) - T (temiz)
5 VG (very good) - ÇOI (çok iyi)
4 G (good) - I (iyi)
3 F (fair) - O (orta)
2 P (poor) - Z (zayıf)