O döwür ikimiz hem ýaş gelindik, çaga dogurylýan bölüme ejeň pahyr gelen güni ikimiz bir palatada ýatdyk, ol gelen güni diňe dileg etýardi, Allajan maňa ogul perzent beraý diýip. Menem,Allaň bereni borda, jany sagatja bolsa bolýala, ogul boldy gyz boldy ikisem perzendiňdirdä. -ÝOK Gurbangül, 6 gyzym bar, ärim şu gezek ýene gyz bolaýsa, göni ataň öýüňe gidiber,öýe geljegem bolma diýdi. -hiç oňa gep düşündirip bilmedim. indi bolsa diňe dileg etýan, çagajyklarymyň maňlaýyna Allajan şu gezek bir ogul perzent beräýedidä. -Belki Alla Gurbangül seniň naçe çagaň bar Meniň 7 oglum bar, ärim bolsa maňa beýle diýenok, ogul bolsun gyz bolsun Allaň berenine şükür, nesibämizde bolsa gyzam bolar diýýar. -seniň ýoldaşyň düşünjeli eken, hemme zada düşünýar. Biz öz aramyzda durmuşumyzyň kynçylykly şatlykly günlerini ýatlap derdinişdik. Gije 3 den soň ilki seniň ejeň ýene gyzy boldy, ol aglap ýerine geçende-de urunýardy, o çaga emjek bolup aglaýardy. Meňki bolsa 5 den işlände ýene bir oglum boldy, oglumy bir gujagyma, o gyzjagazy bir gujagyma gysyp ikisini hem emdirdim. Ejeň pahyr, şu gyzam sen alaý,çaga öli boldy diýenim gowydyr,6 gyzymy taşlap atam öýüme baryp bilmen diýip, o gyzjagazy maňa berdi . Men ekiz bäbegim diýip begendim, ýöne ejeň agysy meniň ýüregimi elendirýardi we oňa dözmän -Oguljuma, sen şu oguly al, syr syr bolup galsyn, meniň 7 ogulym bar gyzym ýok, seniň hem 6 gyzyň bar ogulyň ýok,Alla biz bilen wagtal wagtal oýun gurýar, ýeňip geçmek özümize bagly. Bu syry adam ogly bilmesin, bu syr özümiz bilen gabyra girip gitsin. Ejeň ýüzi açyldy we meniň bilen ýüzüniň ugryna razylaşdy. Kakyş ýerinden ziňňe galdy. -otyr ogulym bu zatlaryň kyssasy ulydyr, gör görgüli ölenden soň seni hak hossarlaryň bilen tanyşdyrmak, o gyzy bolsa öz uýalary bilen tanyşdyrmak isläpdir. Ol bu zatlary diri wagty hem edip bilerdi ýöne zandyýaman ýoldaşy zerarly dymmaly boldy diýdide öňündäki gök çaý guýulan käsäni başyna çekdi. Soňra bolsa agtyklarynyň biriniň adyny tutdyda gygyrdy. -Ezizjan balam,bar ylgada Pamykejeňi çagyr! -bor ene diyip körpeje ylgap gitdi. 7 ogulyň yzyndan boldy diýip ýoldaşym şo gyza Akpamyk goýduk, ýöne aňsatlaşdyryp Pamyk diýip ýörüs, gaty lälik ösdi,7 erkek doganyň içinde şa gyzy ýalydy, iki jaý beýlämizde goňşymyzyň ogulyny halady berdim, ýakynjak ylgap gelip gidip dur, arada iki jaý bolansoň delije nahar etseler agtyklar ylgap dadyryp gelýar, özi hem bişirse äkelip gitýar, diýip sözini soňlamanka Akpamyk içeri girdi. -salam! -salam Akpamyk! ,öz doganlary bilen bir almany iki bölen ýaly bolup duran Kakyşy görüp aljyrady. Kakyş hem öz aýal doganlary bilen meňzeş bu gyzy görüp haýran galdy. Gurbangül eje gyzyna gysgaja wakany aýdyp berdi we hakyky seni doguran enaniň saňa goýan şol gülýakasyny oňa uzatdy. Akpamyk aňk tank bolup durdy. Näme diýip näme goýjagyny bilmän diňe dymdy. Kakyş bilen Ogulsuraý uly agyr ýüki kebzesinden aýyran ýaly bolup, ejesiniň 40y gününi olara aýdyp öýe gaýtdylar.... Ejesiniň 40 y güni uly märeke dargaberende iki sany ulag janlyly, unly, saçakly Gurbangül eje oglanlaryny yzyna tirkäp, Akpamygy hem alyp bulara geldi. Kakyş özüne çalym edip duran 7 oglan doganlaryny görüp, olary gujak açyp garşylady. Akpamyk 6 gyz doganlaryny görüp gujaklaşyp aglap, tanyşlyk açdy. Bular bir birekleri bilen tanşyp, söhbet guryp giç agşama çenli boldylar, ejelerine doga okap onuň ruhunyň şat bolmagyny dileg etdiler. Ogulsuraýyň bolsa indi ýagdaýy gowydy, gaýynyň ruhy soň onuň düýşine bir gezek hem girmedi... Awtory: Nowça
Gaýyn enemiň ruhy 3-nji bölüm ( bolan waka )
-
Gözellik.
2 years ago
- Inin tikeneklap gitya Nowca senin yazyan wakalaryny okasan +++
enkaaa 5 years ago- Gaty gowy bolupdyr shu gexega