Amerikaly gyz Katrin Kuk 17 ýaşynda MyYearbook ady bilen web sahypany açdy. Bary ýogy ýarym ýyl soň bu sahypa girýänleriň sany aýda 3 million adamdan geçdi, sahypadaky reklamalar bolsa Katrin Kuka millionlarça dollar girdeýji getirýärdi.Internetdaky iň güýçli portallar hem 20 ýaşynda ýa-da 20 ýaşdan kiçi adamlaryňkydyr. Mysal üçin Yahoo, Google we eBay hem ýaş talyplaryň döreden web sahypalary. Katrin Kukyň ýasan MyYearbook sahypasynda - 13-22 ýaş aralygyndaky amerikanlar orun tutandyr. Ol ýerde \"tanyşlyk\", ady belli adamlar hakynda makalalar, şeýle hem suratlar bardyr. Her makala ýazylanda şol ýazylan makala degişli teswirleriň sany takmynan 3000-e golaýlaýandyr. Katrin mundan beýläk öz sahypasynyň üstünde öňkiden hem has köp zähmet çekýär, okyjylaryny gyzyklandyrmak üçin elinden gelenini edýär. Geljekde Katrin öz jigisi bilen sahypalaryny Amerikadaky iň uly portallaryň hataryna saljak bolýar. Häzirlikçe ol 3-nj ýerde durýar, 1-nji ýer Myspace, ikinji bolsa Facebookdyr. Beýle pikir Katrina täze ýyldan soň, täze mekdebe gidip başlanyndan soňra kellesine gelipdi. Ol öz suratlaryny internetde goýmak we özüne dost tapynmak üçin dogany Djeff-dan kömek sorady. Djeff başlangyç üçin 250 müň amerikan dollaryny sahypany ýasamak üçin berdi. Katrin bu pullara gowy sktriplar(taýýar önümler) we gowy dizaýn etdiripdi.Sahypanyň birinji görnüşi häzirkiden gaty sadady. Şeýle-de bolsa sahypa adamlaryň ünsüni özüne çekipdi. Häzir bolsa Katrin özüniň şeýle üstünlikli proýekt döredip bilenine diýseň begenýär. Katrina indi der döküp işlemek elbetde gerek bolmaz, oturan ýerinden millionlarça dollary getirip duran sahypasy bar ahyryn...
Mekdep okuwçylary hem internetdan millionlarça dollar gazanýarlar
-
agajanh
17 years ago
- bor edäýeris ýöne sen Djeff bol :-) Ýagny 250 müň dollary biznes başlamak üçin berseň näme başlaman :)
-
Batyrgyz
17 years ago
Ýagny 250 müň dollary biznes başlamak üçin berseň näme başlaman :)
abra catabra
sim salabim
men onumde
250 mun $ amala gel. :)
-
agajanh
17 years ago
- amala gel däl emele gel :-)
-
Batyrgyz
17 years ago
- ay, men, gaty yadadym!!! kabirleriniz menin yalnyshlarymy gorkezmekden bashga zat etmeyarsinizler.
menin burnum yzyn, ayakllarym gysga, egri-bugri, gozlerim egri, kellam gowy ishlemeyar, sachym az kellamde..... indi name, ta olincham aydyp durarsynyzlarmy menin egriliklerimi?
-
lebaply
17 years ago
Turkmenistandanam olar yaly komputer biznesmenler barmy? Yok bolsa onda bizler bolaly? :)
talylar.com, tmolimpiad.com yaly saytlar muna mysal bolup bilermika diyya...
-
Harmandali
17 years ago
- Batyrgyz onun yaly zatlarynyn baryny sen akja yuregin yapyara!! Sheyle dalmi?! Sende kop adamda yok zatlar hem bar arassa pikirlen, dobrota, sadalyk, mahremlilik, pak yurek, illere yamanlyk yok sende. Kabir adamlarda goriplik, zalymlyk, haramlyk yaly hasyetler bar sen Hudaya shukur diy eger sende shol hasyetler bolan bolsa onda yashamak has kyn dusherdi. Esasy zat sen erbet adamlara degishl dal shona begen!!
Yalnyshyny bolsa indikide duzetmegin uchin gorkezenimiz gowy bolmazmy?! Sonam yalnyshmayan adam yoga hemmede-de kan kemchilik, yalnyshlyk yetmeyan zatlar.
Yuz gozunde dashky keshbinde kemchilik mende-de kan aydyalara bir kemsiz gozel bolmaz diyip. Dunyade nache sany owadan gorkli adamlar bar yone ichine gidyan weli gorkyan yanashmaga. Adamyn keshbi edil on ichi yaly bolan bolsady gowy bolardy :)))
Barlygynda pikrin bolsun ajayyp
Giden wagtyn gidenligin duyulsun – diyip G.Ezizowyn bir goshgujygynda bardy.
Batyrgyz 17 years ago- Turkmenistandanam olar yaly komputer biznesmenler barmy? Yok bolsa onda bizler bolaly? :)