Ilatyň bolelin we eşretli durmuşda ýaşamagyny gazanmak döwlet syýasatynda ileri tutulýan möhüm meseleleriň biridir. Ak bazarlaryň, söwda dükanlarynyň dürli görnüşli, ýokary hilli, esasan bolsa, elýeterli nyrhly harytlar bilen üpjün edilmegini gazanmak ugrunda uly tagallalar edilýär. Şonuň netijesinde zerur harytlaryň, ilkinji nobatda bolsa azyk harytlarynyň bolçulygy döredilýär. Munuň şeýledigine Türkmenabat şäherindäki daýhan bazarlarynda bolup göreniňde hem anyk göz ýetirip bolýar. Bu ýerde Gündogar bazarlaryna mahsus bolan harytlaryň bolçulygyna, özi-de arzan bahalydygyna ilkinji nobatda nazaryň düşýär. Bazarda söwdanyň ýokary medeniýetli ýola goýulmagy, dükanlaryň, söwda hatarlarynyň arassa bolmagy, harytlaryň talaba laýyk saklanylmagy, bahalaryň elýeterli bolmagy gündelik gözegçilikde saklanylýar. Bu ýerde esasy azyk harytlary bolan un, şeker, çörek we çörek önümleri, guş we mal etleri, süýt we süýt önümleri, gök we bakja önümleri ýeterlik möçberde bolup, olar alyjylara hiç hili bökdençsiz satylýar. Şonuň netijesinde ilat azyk we senagat harytlaryny satyn almakda hiç hili kynçylyk çekmeýär.
Bazar bolçulygy – ýurduň abadançylygy
-
asgabatda
8 years ago
- Dogry ilatymyz ucin azyk harytlar elyeterli bahadan
-
gormegey
8 years ago
- Awtor erbet däl
-
elis
8 years ago
- Görmegeý öýkeleme, seň özüň erbet däl. Bu bolsa şedewer.
elis 8 years ago- Gaty gowy maglumat. Köp sag bol TDUmaksat.