Hormatly Prezidentimiziň türkmen döwletimiziň mizemez esaslaryny berkitmek maksady bilen alyp barýan işleri, umumyadamzat tarapyndan ykrar edilen demokratik ýörelgeleri, külli adamzadyň bähbidini nazarda tutýan belent tutumlary, alyp barýan içerki hem daşarky syýasatlarynyň diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň gowulyga we ýagşylyga ýugrulan pikiri bilen gabat gelmegi, biziň kalbymyzda çäksiz buýsanç duýgusyny döredýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk eýýamynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş ulgamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başda durmagynda il-ýurt bähbitli ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyñ talaplaryna laýyk gelýän saglygy goraýyş ulgamyny döretmek hem-de kämilleşdirmek ýurdumyzda doly amala aşyryldy. Örän gysga döwürde paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, welaýat merkezlerinde, ylmyň iň soňky gazanan häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän, ýokary hilli enjamlary oturdylan hassahanalar, anyklaýyş merkezleri guruldy. Ylaýtada eneleriñ we çagalaryñ saglygyny goramak, köp duş gelýän keselleriñ ep-esli derejede azalmagyny, ýokanç kesellerin sanynyñ düýpgöter kemelmegini gazanmak, sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmegi milli aýratynlyklara laýyklykda durmuşa ornaşdyrmak, ilatymyzy dermanlaryñ ähli görnüşleri bilen üpjin etmek, dünýä ülñülerine laýyk gelýän ýokary tehnologiýaly hassahanalaryñ gurulmagy türkmen lukmançylygynyñ milli ulgamynyñ kemala gelendiginiñ aýdyñ subutnamasy bolup durýar. Umuman Hormatly Prezidentimiziñ alyp barýan içeri syýasaty ilatymyzyñ saglygyny goramaga we durmuş goraglygyna gönükdirilendir. Tutuş ýurdumyz boýunça enäniň we çaganyň saglygyny goraýan täze merkezleri gurmak hakyndaky çözgüt ýurdumyzyň raýatlarynyň abadançylygynyň üpjün edilmegini ileri tutulýan döwlet wezipesi diýip yglan eden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hakyky atalyk aladasynyň ýene bir aýdyň subutnamasy boldy. Şeýlelikde ýurdumyzda eneligi we çagalygy goramak ulgamy, keselleriň oňüni alyş, maşgala lukmançylygy döwlet tarapyndan uly goldawa eýe boldy. Biziñ döwletimizde göwreli eneleriñ we 14 ýaşa çenli çagalaryñ saglyklaryna döwlet tarapyndan mugt seredilýär. Maşgala lukmançylygy usulynyň giňden ornaşdyrylmagy, mekdebe çenli çagalar edaralarynda we bilim ojaklarynda, şeýle-de dürli ugurdaky edara-kärhanalarda möwsümleýin lukmançylyk barlaglarynyň geçirilmegi, ýökanç kesellere garşy öňüni alyş sanjymlarynyň ilata mugt edilmegi we bu keselleriň döremegine getirýän hadysalary aradan aýyrmakda degişli edaralaryň işiniň has işjeňleşdirilmegi birnäçe keselleriň soňuna çykylmagyna, beýlekileriň bolsa berk gözegçilikde saklanmagyna uly mümkinçilik döretdi. Halkara Saglygy goraýyş guramalary bilen bilelikde maşgala lukmanlarynyň çagalara we ululara keseliň öňüni alyş sanjymlary baradaky Milli maksatnamalary ýerine ýetirmekligiň netijesinde ýokanç keseller bilen kesellemeklik azalyp, birnäçe ýokanç keseller ýok edildi. Ýurdumyzda çagalary ene süýdi bilen iýmitlendirmek bilen bilelikde gan azlyga garşy göreşmek baradaky milli maksatnamalar hem üstünlikli durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ençeme saglygy goraýyş edaralary Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň bilermenleri tarapyndan resmi taýdan tassyklanylan „Çagalara mähirli garalýan saglyk öýi“ atly ýokary derejä mynasyp boldular. Şeýlede Birleşen Milletler Guramasynyñ Çagalar Gaznasy (UNISEF) bilen hyzmatdaşlykda geljekki nesilleriñ saglygyny goramakda, ýurdumyzda ýod ýetmezçiligi bilen baglanyşykly keselleriñ ilkinjileriñ hatarynda öñüniñ alynandygy barada 2004-nji ýylda Türkmenistan döwletimize halkara guramasy tarapyndan güwänama dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak saglygy goraýyş ulgamynyň wajyp meseleleriniň biri bolup durýar. Türkmenistanda bu ugurda ylmy-barlag işleriniň geçirilmegi netijesinde, çagalarda köp duş gelýän keselleri irki döwürde anyklamagyň, bejermegiň täze usullary esaslandyryldy. Ýurdumyz boýunça bäbekleriň fiziki ösüşiniň, gan düzüminiň käbir biohimiki, gemodinamiki görkezijileriň kadalary kesgitlenildi we saglygy goraýşyň tejribesine ornaşdyryldy. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda Enäniñ we çaganyñ saglygyny goramak boýunça hereket edýän döwlet meýilnamalaryñ çäklerinde Ene süýdi bilen iýmitlendirmek, Immunologiki öñüni alyş, Çaga kesellerini bitewi alyp barmak boýunça işler we beýleki maksatnamalaryñ tutuş ulgamy üstünlikli amala aşyryldy. Ýagny „Duzy ýodlandyrmak“ , „Ene süýdini goramak we goldamak“ , „Gan azlygyñ öñüni almak“ , „Çaga kesellerini bitewi alyp barmak“ , „Bäbekleriñ ilkinji reanimasiýasy we ideg , „BSSG-nyñ teklibi boýunça çagalaryñ diri we öli dogulyşynyñ görkezijileriniñ hasaba alynyşynyñ düzgünnamasy“ ýaly meýilnamalar we „Howpsyz enelik“ , „Çagalaryñ irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy 2011-2015-nji ýyllar üçin“ Milli maksatnamalar şu günki güne çenli Türkmenistanda eneleriñ we çagalaryñ saglygyny goramaklykda üstünlikli durmuşa ornaşdyrylyp hereket edýärler. “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň 20 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli Arkadag Prezidentimiziñ ak patasy bilen halkymyza ulanylmaga berilen Enäniñ we çaganyñ saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniñ 670 orunlyk binalar toplumy raýatlarymyzyñ saglyklaryny dikeltmekde ýokary derejede hyzmat eder. Paýtagtymyz Aşgabatda, Lebap welaýatynda, Mary welaýatynda, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda, Daşoguz welaýatynda we Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde ýerleşýän, ähli zerur şertler bilen üpjün edilen „Ene mähri“ merkezleri zenanlaryň, çagalaryň, göwreli eneleriň sagdyn durmuşda ýaşamagy, eýjejik bäbejikleriň dünýä sag-aman inmegi üçin eýýäm birnäçe wagt bäri halkymyza hyzmat edip gelýärler. Merkezlerde ähli bölümler—çaga dogrulýan, çaga dogumdan soňky, ginekologiýa, gyssagly terapiýa, gaýragoýulmasyz kömek, göwreli zenanlary bejeriş bölümi, ýörite barlamhana, reanimasiýa we intensiw bejergi we beýleki bölümler iň häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilendir. Ähli merkezlerdäki näsag bäbekleriň saklanylýan otagynda täze dogulan bäbeklere gaýragoýulmasyz çärelerini geçirmeklige niýetlenen „Kýuwez“- enjamy wagtyna ýetmän dogulan bäbeklere ene göwresindäki ýaly gerek bolan ýylylygy, çyglylygy, zerur howa şertlerini doly üpjün etmäge kömek edýär. Bu bölümde 500 gram we ondan ýokary agramy bolan-wagtyndan öň dogulan çagalara ideg we gözegçilik etmäge hem-de bejergi işlerini geçirmäge mümkinçilik berýän dünýä ülňülerine gabat gelýän, ýokary derejeli, kämil, döwrebap enjamlaryň bardygy aýratyn bellemäge mynasypdyr. Çaga terbiýesi, bilimi hem-de ählitaraplaýyn onuň hukuklaryny goramak döwletiň paýyna düşýär. Türkmenistan döwleti çagalary goramak meselesine, olaryň konstitusion hukuklaryna aýratyn uly ähmiýet berýär. Döwlet tarapyndan her bir maşgala, ene, çaga goralýar. Her bir ýaşajyk raýatlary üçin has oňaýly durmuş şertlerini üpjün etmek meselelerini çözmäge örän jogapkärli çemeleşýär. Biziň döwletimiz bolsa öz kiçijik raýatlary üçin ähli mümkinçilikleri açyp, olaryň sagdyn, berk bedenli, bilimli bolmaklary ugrunda uly alada edýär. Saglygy goraýyş ulgamynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasy bilen bilelikde birnäçe wagyz-nesihat serişdeleri körpeler üçin çap edilip halka paýlanylýar. Olardan „Tagamly älemgoşar“, Gulajyklar, guýrujyklar we penjejikler..., „Eziziň çagalar bagy“, Kakam, mähriban Kakam!, Çagalaryň ösüşiniň kadalary we çaganyň mekdebe taýýarlygy ýaly kitapçalar we „Siz öz çagaňyz bilen bu pursatlary ýerine ýetirip bilersiňizmi?, „Öz çagaňyzyň akylly hem alçak bolmagyny isleýäňizmi?“, „Ene-atalara we terbiýeçilere maslahatlar toplumy“ atly kitapça, „Ömri goramak üçin nesihatlar“ kitaby we plakatlar toplumy olaryň geljekde durmuşda öz orunlaryny tapmakda uly goldaw bolar. „Döwlet adam üçindir!“ diýýän hormatly Prezidentimiz bolsa halkymyzyň saglygyny ähli zatdan ilerde goýup, olaryň dünýä ülňülerine laýyklykda dynç almaklaryny, saglygyny berkitmeklerini döwlet derejesinde esasy meseleleriň biri edip goýdy. Gysga döwrüň içinde müňýyllyklara basalyk iş bitirip, alkyşlar eýesi bolan hormatly ýurt Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän ägirt uly işleri, Watanymyzy ýokary depginler bilen ösdürmek babatda edýän tagallalary il-ýurdumyzyň şöhradyny mundan beýlägem arşa göterer. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýaş nesil barada ýadawsyz alada edilip, olaryň bagtly durmuşy, saglygy, döwrebap bilimi, gyzykly dynç alşy üçin bimöçber işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanda çagalar üçin bina edilýän ak mekdeplere, oýun-güýmenje merkezlerine baryp gören daşary ýurtly myhmanlaryň ýürekden çykýan sözleri-de muňa şaýatlyk edýär. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe, gysga wagtyň içinde ýüzýyllyklara barabar ösüş gazanan hem pajarlap ösýän ata Watanymyz bar. Türkmenistan hakykatdan-da bagtly çagalygyň, ýaşlaryň ähli arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurdy. Ol ösüşleriň gözbaşynda duran hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr atly kitabynda; „Eneleriñ we çagalaryñ saglygyny goramak – saglygy goraýşyñ wajyp meseleleriniñ biri bolup durýar.’’ diýip belleýär. (106 sah). Ösüp gelýän ýaş nesillerimiziñ aladasyny edýän Hormatly Prezidentimiz ýañy-ýakynda ýetip gelen tomusky dynç alyş günlerinde çagalaryñ oñaýly dynç alşyny guramagyñ barşy bilen tanyşmak üçin Gökderä iş saparyny amala aşyrdy. Tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk görmegiñ çäklerinde çagalaryñ 7 müñ 95-siniñ dynç alyp biljek ýeri bolan Gökderede we 1 müñ 783 çagany kabul edip bilýän „Awaza“ milli syýahatçylyk zologynda alnyp barylýan işler bolsa guwanjyñy goşalandyrýar. Ýurt Baştutanymyzyñ ak patasy bilen açylan „Aşgabat“ medeni-dynç alyş merkezi-de körpelerimiziñ hyzmatynda bolar. Çagalary goramagyň Bütindünýä halkara gününiň biziň ýurdumyzda giňden bellenmegi we döwlet tarapyndan bellenilýän seneleriň sanawyna goşulmagy hem türkmen halkynyň çaga bolan mukaddes söýgüsiniň şöhlelenmesi bilup durýar. Şol gün ýurdumyzyñ ähli künjeklerinde baýramçylyga bagyşlanan dabaraly çäreler hem-de ylmy maslahatlar geçirilýär. Çaga hakdaky alada bilen ýaşaýan döwletiň eýjejik çagalary bolmak, gör, nähili bagtlylyk. Bagtly zamananyň bagtyýar eneleri, bagtly çagalary, size janyňyzyň sag bolmagyny arzuw edýäris!
kitaphanachy 9 years ago- ýurt saglygy- il baýlygy