Gurban sözi arapçadan terjime edilende, ýakynlaşmagy aňladýan “k r b” kök işliginden ýasalan bolup, sözlükde Allatagala ýakynlaşdyrýan zat” diýen manyny berýär. Kuranda Hezreti Adam atanyň iki oglunyň Allatagala beren gurbanlary-da bu işlik bilen getirilýär. Olaryň biriniň mal-garadan, beýlekisiniň bolsa ak ekinden gurban berendigi hakynda aýdylýar. Il içinde aýdylýan “gurbanyň bolaýyn”, “janym gurban bolsun” we “gurbanyň gideýin” ýaly sözler-de “gurban” sözüniň sözlükdäki ulanylyşydyr. Gurhanda Hezreti Adam atanyň iki oglunyň Hudaý ýoluna gurbanlyk berendigi barada agzalyp geçilýär. Bu gurbanlygyň ýer ýüzündäki ilkinji gurbanlyk bolan bolmagy ýa-da olaryň öz kakalaryndan öwrenip, gurbanlygy ýerine ýetiren bolmaklary mümkin. Şeýlelikde, gurbanlyk bermek dessurynyň Adam atamyzdan bäri berjaý edilip gelinýänligi aýan bolýar. Gurban baýramy Yslam äleminiň hijri-kamary ýyl hasabyna görä Zilhijje (Gurban aýy) aýynyň 10-13-nji günlerinde geçirilýän baýramydyr. Kuran-y Kerimde aýdylyşy ýaly, bu baýram hezreti Ybraýymyň sünneti hökmünde bellenilip gelinýär. Gurbanlyk Resulallah (s.a.w.) tarapyndan ilkinji gezek hijretiň birinji ýylynda Medinede Allahyň emri dogrusynda ähli möminlere baýram hökmünde yglan edilýär we bu günlerde baýram namazyny okamak we gurbanlyk kesmek wajyp kylynýar. Kuran-y Kerimiň iň köp üstünde durýan we hökümlerini kesgitlän baýramy bolan Gurban baýramy, degişli hadyslaryň habar bermegine görä, ýylyň iň gadyrly günüdir ýa-da haýyr taýdan arefe güni bilen deňdir. Arefe güni we Gurban baýramy günleri esasynda Yslamyň parzlaryndan biri bolan haj ybadatynyň wagtlarydyr. Gurban baýramy, hezreti Ybraýymyň ogly Ysmaýyly (a.s.) gurban etmek islän, Jenab-y Hakyň-da bir uly goç iberip, ony halas eden gününde bellenýär. Bu baýramda Ybraýym pygambere goýlan hormat artyp, Allah ugrunda jany we maly pida etmekde, bu ýolda sabyr we mertlik görkezmekde olaryň nusga almalydygy ýene bir gezek ýatlanýar. Resulallah (s.a.w.) baýram ýerine gelenleri gutlap, baýram namazyndan soňra sadaka hem sowgatlar berer eken, berilmegini ündär we bu berlenleriň günäleriň bagyşlanmagyna sebäp boljakdygyny aýdar eken. Gurban kesmek maddy hal-ýagdaýy ýerinde bolanlar üçin wajyp bolan bir dini jogapkärçilikdir. Gurban kesmegiň sogaby barada soran bir sahaba söýgüli Pygamberimiz: “Gurbanyň her bir gyly üçin bir sogap bardyr” diýip jogap berýär. * Allanyň razylygy üçin kesilen gurbanlyk ahyretde geçilmesi kyn bolan syrat köprüsinde eýesi üçin münelge boljakdyr. Gurbanlyk mal Gurban baýramynyň birinji, ikinji we üçünji günlerinde kesilýär. Birinji günde kesilmegi has sogaplydyr. Gurban kesmegiň wagty baýram namazynyň okalmagyndan soňradyr. Öz adyňdan gurbanlyk kesmegi başga birine hem tabşyrmak mümkin. Ýagny, gurban ybadatyny berjaý etmek isleýän kişi öz adyna gurbanlyk janlyny satyn almak we kesmek üçin ynamdar birine wekillik berip biler. Sygyr we düýäni ýedi kişä çenli şärik bolup kesmek mümkindir. Emma goýun we geçini diňe bir adam gurban kesip biler, bular üçin şärik bolmak dogry hasaplanmaýar. Sygyr ýa-da düýe malyna şärik bolýanlaryň ählisi hem gurbanlyk niýeti bilen şärik bolmaly, aralaryndan bir kişi hem et almak niýeti bilen şäriklige goşulmaly däldir. Hormatly Prezidentimiziň aladasy netijesinde däp-dessurlarymyz we urp adatlarymyz has giňden öwrenilýär. Bu Gurban baýramy babatda-da şeýledir. Soňky ýyllarda bu baýrama täze öwüşgin berlip, ol has giňden bellenilýär. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi we ähli halkymyzy Gurban bayramy bilen gutlaýarys. Mukaddes Gurban aýynda berlen gurbanlyklar, edilen dilegler kabul bolsun! http://ertir.com/#blog.php?view=122398&api=0.7302485633769815
Gurban bayramynyz gutly bolsun !!!
-
begenchwelkaka
9 years ago
- Salam
-
kitaphanachy
9 years ago
- ähli türkmen halkymy Gurban bayramy bilen gutlaýaryn
-
dynmaz
9 years ago
- salam begenç ýagdaýlar niçik?
-
dynmaz
9 years ago
- mende bu gelip ýeten gurban baýramyny dünýä türkmenlerine gutlaýaryn we jan saglygny arzuw edýärin.
-
Talyp98
9 years ago
- Gutlayan
dynmaz 9 years ago- beýik taňryň ady bilen.ilki baş meni agza hökminde kabul edeniňize minnetdarlyk bildirýän.
ýokardäki berilen maglumatlar doly suratda ýazylypdyr.ýöne bir aýtjak zadym kurbanlyk edilýän mal halal etli mal bolmaly we ony çalýan adamda musulman bolmaly.
hezreti muhammat(s) aýdypdyr kurbanlyk güni namazdan soň hiç bir ybadat kurbanlyk çalma ýaly hudaýyň ýanynda makbul bolmar dýip.