Pederlerimizden miras galan milli däp-dessurlarymyz özünde ynsanperwerligiň nurana dünýäsini saklaýar. Türkmen toýlary onuň milli aýratynlygynyň bir şahasydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde, durmuşymyzyň ähli ugurlary bilen bir hatarda, halkymyzyň milli medeni, edebi we taryhy mirasynyň, milli däp-dessurlarymyzyň dikeldilýändigi raýatlarymyzda çuňňur kanagatlanma duýgularyny oýarýar. Ata-babalarymyzdan miras galan milli ýörelgelerimizde toý däp-dessurlary aýratyn orna eýedir. Milli Liderimiziň ýakyndan ýardam bermegi netijesinde, gözel paýtagtymyz Aşgabatda we welaýat merkezlerinde gurlup, ulanmaga berlen “Bagt köşkleri” bu günki gün türkmen toý däp-dessurlarynyň birkemsiz ýerine ýetirilmeginde, milli däp-dessurlarymyza we ýörelgelerimize laýyklykda, täze maşgalanyň kemala gelmegi, täze maşgala ojagynyň döremegi bilen baglanyşykly beýik bagtyň hem-de söýginiň nyşany bolup, kalplarymyza buýsanç duýgularyny bagyş edýär. Hawa,pederlerimizden miras galan milli däp-dessurlarymyz özünde ynsanperwerligiň nurana dünýäsini saklaýar. Ata-babalarymyz tarapyndan asyrlarboýy dowam edip gelen türkmen toýlary onuň milli aýratynlygynyň bir şahasydyr. Olary öwrenmek möhüm ähmiýete eýedir. Çünki her bir milli ýörelge özünde taýsyz gymmatlyklary saklaýar. Ol gymmatlyklar bolsa nesilleriň kalbynda ata-baba ýörelgelerine bolan buýsanç duýgularyny oýarýar. Gelin toýy türkmenlerde toýlaryň naýbaşy hasaplanýar. Toýuň iň şowhynly we bagtly pursatlarynyň biri bolan gelnalyjy dessury gadymdan gelýän “Gapy tutmak”, “Seçgi seçmek”, “Ýol tutmak”, “Dokuz haky”, “Kejebe haky” ýaly kadalar bilen dowam etdirilýär. “Gapy tutmak” dessurynyň manysy toý dabarasyny, öýe gelen gelniň mertebesini artdyrmakdan ybarat bolupdyr. Kada görä, gyz atasy öýünden alnyp çykylýan pursady, toýa gatnaşýan aýallaryň birnäçesi, gelinaljylary öýden çykarman, gapyny saklap durýar we gelinalyjylardan sukum-dadymlyk talap edýär. Şeýle ýagdaýda gelinalyjylar gapy tutýanlara hödür-kerem edýärler. Munuň özi geljekde süýjülik bilen gatnaşylmagyna ýol açýar. Türkmenlerde “Dokuz haky” kadasynyň saklanylyşy hem çuňňur mana eýe. Gyza ýagşy dilegler bilen ak pata berlip, atasy öýünden gelinlik hökmünde alnyp gidiljek mahaly, ata-enesi oňa “dokuz” serpaý bagyş edýär. Däbe görä, gyzyň dokuzyny gelinalyjy ugrajak wagty öýden onuň ýakyn hossarlary alyp çykyp, gaýyn tarapdan gelenlere elin gowşurýar. Soňra ýaşulularyň ak pata bermegi bilen gelinalyjy ulaglarynyň hatary gyz ýerden oglan tarapa şowhun bilen ugraýarlar. Gelinalyjy hatary oglan ýerde şatlykly garşylanýar. Şol pursatlarda bagt bolup ak öýe gadam basan täze gelniň sag eli ýaga, una batyrylýar. Munuň özi “Gelen gelniň rysgy-döwleti bilen geldigi bolsun” diýen manyny özünde jemleýär. Toýda seçgi seçmek toý şüweleňini artdyrýan desssurdyr. Toýy mübärekläp, gelen aýallar märekäniň üýşen ýerine baryp, süýjülik hökmünde seçgi seçýärler. Beýle edilmegi “nesip-tama” yrymy bilen baglydyr. Bu yryma görä, her kim “bize-de gyz çykarmak, ogul öýermek nesip etsin” diýen umyt bilen, seçgini alyp, “Bize-de nesip etsin”, “Gelin gelsin öýüme, dilim gelsin söýüne “ ýaly sözleri aýdyp, ony maňlaýyna sylýar. Soňra bagtly ýaşlara däp-dessura laýyklykda, nika gyýylýar. Nika – täze maşgalanyň ykrarnamasydyr. Nika gyýlandan soň, ýaşlara “süýji durmuşda ýaşasynlar” diýip, içirilýän süýjülik suwy, guşak çözdürmek dessury, toý şüweleňini artdyrýan “Ak-gök geýdirme” sanawajy, gelne baş salmak, täze gelni çörege çagyrmak ýaly dessurlar bilen dowam edýär. Täze gelin bilen öýe-ojaga döwlet, bagt gelýär. Gelen gelin öýüne-ojagyna, baran öýüniň daşyna-içine söýgi bilen garaýar. Ol daş-töweregini gallap oturan oglanjyklardyr gyzjagazlara muhabbetli sözler bilen ýüzlenýär. Umuman, türkmen toýlarynyň aýratynlyklary milli däp-dessurlarymyzyň çuňňur mana eýedigine güwä geçýär. Öwez ÖWEZOW, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.
YaSwami 9 years ago- Beh talypkom barow entegem