Dünýä ýüzünde tehnikanyň, tehnologiýalaryň ösýän we innowasiýalaryň ornaşdyrylýan döwründe awtomobil ýollaryny ylmy esasda kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler Türkmenistan döwletimizde hem giň gerime eýe bolup, awtomobil ýollaryny gurmak we öňki bar bolanlaryň durkuny täzelemek boýunça işleriň esasy bölegi ýörite maksatnama esasynda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde alnyp barylýar. Bellenen maksatnama laýyklykda paýtagtymyzda umumy uzynlygy 59 kilometrden gowrak bolan 12 sany köçäni döwrebaplaşdyrmak, 18 sany köprüni, pyýadalar üçin 39 sany ýerasty geçelgesini, 15 sany ýerüsti geçelgelerini gurmak göz öňünde tutulýar we häzirki wagtda bu wajyp işler durmuşa geçirilip başlandy. Bu toplumlaýyn işleriň çäklerinde injener-kommunikasiýa ulgamlaryny doly çalyşmak, häzirki zaman ýol hereket howpsuzlygy ulgamlaryny ornaşdyrmak, elektron maglumatlar tablosyny, LED-monitorlary we beýleki enjamlary gurnamak göz öňünde tutulýar. Gözel paýtagtymyzyň awtoýollarynda şeýle işleriň geçirilmegi şäherimizde ulag gatnawlarynyň sazlaşykly bolmagyny we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagy sebäpli awtoulag serişdeleriniň sanynyň barha artýandygyny nazara almak bilen ýol ulgamynyň geçirijilik ukubyny artdymaga hem-de ýollarymyzyň howpsuzlyk derejesini ýokarlandyrmaga doly mümkinçilik döreder. Häzirki wagtda owadan ýollaryň, köprüleriň we geçelgeleriň ilkinjileriniň gurluşygy tamamlanyp ulanylmaga berildi we olar ýol hereketini sazlaşdyrmak bilen birlikde özleriniň owadan binägärlik keşbi bilen paýtagtymyzyň gözelligine gözellik goşýarlar. Elbetde bu gurluşyklaryň bökdençsiz alnyp barylmagy üçin käbir köçeleri wagtlaýyn ýapmaly bolýandygy we käbir köçelerde ýol hereketleriniň çäklendirilmeli bolýandygy, şonuň netijesinde şäherimiziň köçelerinde awtomobil gatnawlarynyň köpelýändigi hem-de raýatlarymyzyň işe gidýän, işden gaýdýan wagtlary az-da-kän-de az wagtlyk dyknyşyklaryň bolýandygyny biziň hemmämiz hem bilýäris. Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherimiziň ýollarynda amala aşyrylýan bu işleriň raýatlarymyzyň öz bähbitleri üçin, şäherimizde ulag gatnawlaryny sazlaşdyrmak, ýol ulgamynyň geçirijilik ukubyny artdyrmak we ýol hereket howhsuzlygyny ýokary derejede üpjün etmek maksady bilen amala aşyrylýandygyna hemmämiz düşünmelidiris hem-de sabyr-takatly, kanagatly bolmalydyrys. Çünki sähel wagtyň içinde bu işleriň durmuşa geçirilmegi bilen biziň her birimiz dünýäniň ösen ýurtlarynyň paýtagtlarynyň ýollary bilen bäsleşýän ajaýyp ýollardan, owadan-owadan köprülerden we ýerasty geçelgelerden peýdalanmak bilen gözel paýtagtymyzyň ajaýyp binagärlik keşbine guwanyp gezeris. Baýram Nobatow
kitaphanachy 9 years ago- sabyplylyk gerek adamlar