Ertir Türkmenistanda ählihalk baýramy – Ýeňiş güni giňden we dabaraly bellener. Bu şanly sene türkmen halkynyň belent watançylygynyň we edermenliginiň nyşany, parahatçylyksöýüjilik, ynsanperwerlik we döredijilik, ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine üýtgewsiz ygrarlylygy hökmünde milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýär. Beýik Ýeňşiň 70 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda emele gelen asylly däbe görä, faşizme garşy göreşde janyny gurban eden gahrymanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralap, weteranlary mähir bilen sarpalaýarlar. Türkmen halky Watan ugrundaky ýowuz söweşlerde gazanylan Beýik Ýeňşe mynasyp goşandyny goşdy. Halkyň edermen ogullary egin-egine berip, beýleki doganlyk halklaryň wekilleri bilen bilelikde frontlarda, partizançylyk otrýadlarynda gahrymanlarça söweşip, tylda tutanýerli zähmet çekdiler. Biziň watandaşlarymyzyň şol ýowuz ýyllardaky harby edermenligi we gahrymançylykly zähmeti biz üçin Watana bolan söýginiň, ar-namysyň we borjuňa wepalylygyň hakyky nusgasy bolup galýar. Watan goragçylarynyň, gahrymanlaryň ýagty ýadygärligini baky minnetdarlyk bilen sarpalamak, olaryň şan-şöhrata beslenen atlaryny hormatlamak türkmenleriň mukaddes däpleriniň biridir. Watandaşlarymyzyň edermenligine baş egmegiň nyşany hökmünde Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda ýurdumyzda “Hatyra” kitaby neşir edilip, ol uruşlarda wepat bolan milli gahrymanlarymyzyň atlaryny ebedileşdiren bolsa, “Şöhrat” atly kitabyň sahypalarynda Ýeňiş bilen öýlerine, mähriban ojaklaryna gaýdyp gelen esgerleriň atlary ýazyldy. Milli gahrymanlarymyza baky hakyda hem-de baky şöhrat bolsun, wepalylygy we durnuklylygy, gaýduwsyzlygy we batyrlygy, biziň bagtly häzirki we geljekki durmuşymyz üçin olaryň öňünde baş egýäris!
Horjun 9 years ago- baş egýäris...............