Tramwaýyň yzky tarapynda kellesi sämäp duran bir serhoş adam dur. Bir iňirdewük ýolagçy konduktora ýüz tutýar: — Ýoldaş konduktor, serhoşlara tramwaýa münmek bolýanmydyr? — Hüş-ş-ş... — edip, şol serhoş adam ýolagçynyň ýeňinden çekip goýberýär. — Bu hakda konduktordan sorama. Ýöne ýapyş-da dim-dikje duruber... Hiç kim aňmaz... * * * — Bäriňizi garaň! Men eýýäm üç sagat bäri otla garaşýaryn - diýip, ýolagçy stansiýa naçalnigine gaharly ýüzlenýär. Naçalnik eginlerini gysýarda: — Menem, emma gaharlanamok ahyryn — diýýär. * * * Gijä galan tomaşaçy teatra ylgap girýär-de, kontrolýora biletini uzadýar. — Oýun eýýäm başlandy — diýip, kontrolýor aýdýar. — Giriň, emma ýuwaşrajyk baraweriň. — Näme? Eýýäm bary uklaýypmy? — diýip, tomaşaçy geňirgenýär. * * * — Pikirlenişi meňzeş iki adam ýokdugyna berk ynanýaryn. — Meniň doglan günümde alan sowgatlaryma bir göz aýlan bolsaň, beýle diýmezdiň. * * * Çaga uka gidip barýar: — Eje jan, indi men uklaýaýynmy ýa-da sen entegem hüwdülejekmi? — diýip, zarynlap ejesinden soraýar. * * * Bir kärhananyň klubunda tans agşamsy. Gullukçy özüne tötänden duşup tans edýän aýala gürrüň berip, onuň göwnüni açjak bolýar. — Şol goja tentege bir serediň, şol biziň direktorymyz. Şonuň ýaly dikdüşdini ömrümde gören däldirin. — A siz meniň kimdigimi bilýärmisiňiz? — diýip, zenan soraýar. -Ýok. — Men siziň direktoryňyzyň aýaly. — A meň kimdigimi siz bilýärmisiňiz? — diýip, tansdaşy soraýar. -Ýok. — Aý, Hudaýa şükür!
Polýak degişmeleri
-
ShamuraTm
9 years ago
- Этот абонент снова в сети. Вы можете позвонить ему. "Билайн"
Akademik 9 years ago- sag bol paýlaşanyňa