Ilkinji saýawan biziň eýýamymyzdan öňki XI asyrda Hytaýda peýda bolup, ol Günden goranmak maksady bilen ýasalypdyr. Onuň uzynlygy 1,5 metr bolup, agramy 2 kilograma barabar eken. Ilkibada saýawanlar agaç şahalaryndan we ýapraklardan ýasalypdyr. Hyzmatkärler olary patyşany Günden goramakda peýdalanypdyrlar. Soňra gymmatbaha matalardan tikilen sayawanlar döräpdir. Şeýle saýawanlar altyn, kümüş, gül ýa-da guşuň ýelegi bilen bezelipdir. Taryhdan belli bolşuna görä, saýawan baýlygyň we şöhratyň nyşany hasaplanypdyr. Sebäbi saýawany ulanmaga diňe şa maşgalasyndan bolan adamlara rugsat berler eken. XVII asyrda sayawany Fransiýada Günden goranmagyň serişdesi hökmünde ulanypdyrlar. Diňe XVIII asyrdan başlap, saýawanlar ýagyn-ýagmyryň ýgtybarly goragçysy bolmak hyzmatyny ýerine ýetirip ugrapdyr. 1750-nji ýylyň ýagyşly günleriniň birinde köçede Jonas Henweý atly adamyň eli saýawanly peýda bolmagy köpleriň ünsüni özüne çekipdir. Şol hem saýawany ilkinji bolup ýagyn-ýagmyrdan goranmak maksady bilen ulanan adam hasaplanýar. 1852-nji ýylda iňlis oýlap tapyjysy S,Foks saýawana simden germewaç dakyp, ony has kämilleşdiripdir. Şondan soň Angliýada sayawany köp mukdarda öndürip, söwda bazaryna çykarmak ýola goýlupdyr. XIX asyrda ýyldyrymdan goranmak üçin saýawanlaryň ýokarsyndan demir bölejigini goyupdyrlar. XX asyryň başlarynda saýawan ABŞ-ly zenanlar üçin ogry-jümrülerden goranmakda ygtybarly yaragyň deregini tutupdyr. Gadymy türkmen edebiýatyna göz aýlanyňda, türkmenlerde hem saýawany Günden goranmak üçin peýdalanandyklaryna göz ýetirmek bolýar. VII-XI asyrlara degişli ýazuw ýadygärliklerine ser salanymyzda saýawana «şemsiye, ýaňalduruk, gülük» diýlendigine duş gelýäris.
ILKINJI SAÝAWAN
-
maksatmaksat
9 years ago
- Öň eşidipdim.Minnetdar awtor.Ýöne kabir maglumatlarda ilkinji sayawan mundan 3400yyl ozal Mesepotamiýada yuze cykypdyr diylip hem berilyar.
-
amrak
9 years ago
- Sag Bol awtor Men Türkiyä'den okydym seniñ öz yazını. Türkçe'de bizler Araplar'dan aldık bu sözy, "Şemsiýe" diyen işlediýäris. "Gün" sözü Arap Dilinde "Şems"dyr.
parahattm 9 years ago- öň eşitmedim, sag bol awtor