Gün ýylgyryp dogupdyr. Säher dogan günüň ak patasyny almak üçin ir oýanýan adamlar iň bagtly adamlar. Bu endik birinjiden saňa egsilez saglygy, ikinjiden köňül şalygyny, üçünjiden wagtdan önümli peýdalanmak baýlygyny bagyş edýär. Bu gün näme üçindir günüň doguşyna uzak wagtlap syn edip durdum. Asman giňişligine, her näçe siňe nazar saldygymça ol many-mazmun taýdan şonça-da çuňlaşdy. Älem merkeziniň giňişliginde, edil gülýakanyň zümmeret gaşlary deýin lowurdap duran güneş bolsa özüniň zerewşan şuglasyny bolluk bilen saçyp durdy. Beýle ajaýyp täleýiň güneşiň ykbalyna ýazylanyna şol bir wagtyň özünde hem-ä gözigidijilik bilen hem-de buýsanç bilen şo-ol seretdim durdum. Asman-u pelegiň merkezinde onuň jaýlaşykly ornaşan tagtyrowanyny diýsene. Onda-da elýetmez belentlikde. Onuň üçin ýerdäki artykmaçlyklar babatda hiç hili parh ýok. Sen ýagşy bol, ýaman bol ähli adamlara deň şugla saçyp durandyr. Eger-de siz şu mahala çenli synlap görmedik bolsaňyz, ertir ýeriňizden turan badyňyza irden güneşiň doguşyny üns bilen synlap göräýiň. Belki-de, meniň görüp bilmedik artykmaçlygymda Siziň gözleriňiz eglener. Ol her gün ýylgyryp dogýandyr. Onuň mähriban ýylgyrşyndan asyl synlap doýjak gumanyň ýok. Güniň ýagty şuglasy diňe bir seniň gözüňi gamaşdyrman eýsem seniň kalbyňa hem ýagtylyk çaýýandyr. Meňzi şuglaly güneşiň belent kürsüsiniň arşyň döşünde ýerleşmeginiň hikmeti hem şonda bolsa gerek. Ýaşaýyş üçin suwam gerekdir welin, ýöne ýylylyk has zerurdyr. Yzgary ýetik ýere ýylylyk bolmasa, zemin güllemez. Günüň şuglasy bilen ýerde gör näçe gözellikler döreýär. Öňler hiç zat gögermän tebsiräp ýatan ýerler gülzarlyga, lälezarlyga, bag-bakjalyga öwrülýär. Bu zatlar adam zähmetiniň netijesidir welin, onuň aňyrsynda günüň kerem sahawatynyň hem egsilmezligini unutmaly däl. Ezelde ähli janlanyşyň, ýagşylygyň öseri günden gaýdýar. Aslynda özüniň bimöçber hyzmaty üçin güneşiň hiç zat babatda hiç kimden hantamaçylygy ýok. Onuň artykmaçlygy-da, tapawutly tarapy-da şonda. Ýeke-täk islegi özgeler hyzmatyndan razy bolsalar, şonuň özi oňa bes. Göwünleriň hoşallygyny gazanmakdan uly sogap megerem ýok bolsa gerek. Şol ajaýyp häsiýetleri özünde jemleýänligi üçin-de onuň mekany asman gümmeziniň alkymy. Ene topraga bolan mähremligi, mähribanlygy üçin-de, güneş ylhamyň gözbaşy hasaplanýar. Eselen wagtyň Zemine seredip, peselen wagtyň güneşe baksaň, sende Asman-Zemin paýhasyna göz ýetirmek mümkinçiligi döreýär. Güneşden reňk alan, dünýäniň abatlygy seniň duýguly dünýäňe egsilmez ylham bagyş edýär. Asman doly ýyldyz bolsa-da, ähli üns aý bilen günüň töwereginde jemlenýär. Tüýs: „Öň ýetene asmandaky aý gerek“ diýleni. Her kime aý bilen gün gerek. Olar bolsa elýeterden has alysda. Uzakly gün dumly-duşa şöhle saçyp duran gün kem-kemden ho-ol alysdan seleňläp görünýän dagyň gerşinden aşak inip başlady. Ondanam edil görmegeý gyzyň gulagyndaky gulak syrgasy ýaly agajyň ýapraklarynda ýalpyldap gitdi. Sapaly günlere, röwşen ertelere, bagtyýar säherlere bolan ynamymyzy artdyryp, ertesi ýene-de güneş lowurdap dogdy. Bu günki günüň dogşy öňkülerden has owadandy, ajaýypdy. Onuň keşbindäki nuranalyk hamala saňa nähilidir bir hoş habary buşlaýan ýalydy. Onuň owadan gyzyň kirpikleri ýaly, seçelenip duran elwan seçekleri kalplara ýakymly täsir bagyş etdi. Onuň täsiri gaty üýtgeşikdi. Ony söz bilen beýan etmek asla mümkin däldi. Çünki, ol ykbal asmanynyň astyndan nur saçýan bagtyýarlyk güneşidi. Parlap dogan ak bagtyň şuglasydy. Türkmeniň Altyn Asyr bäsleşiginiň ýeňijisi, şahyra Annatuwak Kakaýewa
Aybolek 9 years ago- Gaty gowy tema, sag bol Kitaphanachy