Häzirki wagtda Diýarymyzda zehinli ýaşlaryň ýüze çykarylmagy we olaryň aň-düşünjeleriniň, dünýägaraýyşlarynyň has-da ýokarlanmagy, gözýetimleriniň giňelmegi üçin uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan her ýylda, hemişelik Bitaraplyk baýramymyzyň öňüsyrasynda zehinli ýaşlara Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy gowşurylýar. Şu ýyl hem ýurdumyzyň ähli künjeginden, dürli wezipelerde zähmet çekýän we bilim alýan ýaşlaryň bir topary Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi diýen hormatly ada mynasyp boldular. Eziz Watanymyzyň döwlet berkararlygyny zähmet ussatlygy bilen pugtalandyrmaga öz goşandyny goşup, işde, döredijilikde gazanýan üstünlikleri üçin dürli wezipelerde zähmet çekýän hünärmenleriň we bilim alýan talyplaryň şeýle belent döwlet sylagyna mynasyp bolmaklary jemgyýetimizde ýaş nesle berilýän ünsüň ajaýyp şöhlelenmesidir. Bu günki günde ýaşlar halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýärler, täze innowasion tehnologiýalara başarjaňlyk bilen erk edýärler. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary ylmy bäsleşiklere, halkara olimpiadalara, sport ýaryşlaryna, köpçülikleýin çärelere işjeň gatnaşýarlar. Bu ýyl has tapawutlanan ýaşlaryň 46-syna Ýaşlar baýragynyň eýeleri diýen hormatly adyň dakylmagy ýurdumyzda raýat jemgyýetiniň dabaralanýandygynyň bir görkezijisidir. Beýle bolmagy ýurdumyzda ýaşlar barada edilýän bimöçber aladalaryň subutnamasydyr. Kalplary buýsançdan doly ýaşlaryň arasynda hünärmenleriň, medeniýet işgärleriniň, talyp ýaşlaryň, harby gullukçylaryň, oba hojalyk işgärleriniň bolmagy bu baýragyň gurşawynyň giňdiginden habar berýär. Biz ýaşlar mundan beýläk hem ata Watanymyzy gülledip ösdürmekde güýç gaýratymyzy gaýgyrmalyň. Aýsenem Nurlyýewa Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 10 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir