Deňizde ýüzüji esger nätanyş bir gyzdan hat alýar. Ol gyzyň ady Rozady. Olar üç ýyllap hat arkaly gürleşýärler. Wagtyň geçmegi bilen olar birek-bireksiz oňup bilmejeklerine düşünýärler. Öz-özleri duýmazdan bular bir-birlerini tüýs ýürekden söýýärler. Haçanda oglanyň gulluk döwri tamamlananda, olar merkezi menzilde, öýlän sagat bäşde duşuşmagy şertleşýärler. Ol gyz köýneginiň ýakasynda gyzyl bägüliň boljakdygyny aýdýar. Deňizçi bolsa öz ýanyndan pikire ýatýar: ol nähilikä, görmegeými ýa betnyşan; semizmi ýa gelşikli. Men ol gyzyň suratynam-a görmedim. Oglan bellenilen wagtda menzile gelýär. Sagat bäş bolanda ol ony görýär. Ýakasy gyzyl bägülli aýal. Ol, takmynan, altmyş ýaşlaryndady. Oglan yzyna öwrülip gidip hem bilýärdi, emma ol beýle etmeýär. Bu aýal oňa yzygider hat ýazýardy, oňa sowgatlar ugradýardy ahyry. Ol beýle hereket edip bilmezdi. Ol bu aýalyň ýanyna barýar. Oňa elini uzadyp, özüni tanyşdyrýar. Ol aýal bolsa onuň ýalňyşandygyny, Rozanyň golaýda durandygyny aýdýar. Ol töweregine seredýär we Rozany görýär. Roza oglan bilen ýaşytdaş, owadan bir gyzdy. Ýaňky ýaşuly aýal ýakasyna gyzyl bägüli dakmagy Rozanyň haýyş edendigini aýdýar. Eger oglan hiç zat diýmän gitse, hemme zat gutarýardy. Eger ol oglan bu aýalyň ýanyna gelse ol oňa ähli hakykaty bolşy ýaly aýdyp berýärdi.
kitaphanachy 10 years ago- Barlap görüpdirda gyz. Oglan näme pikir bilen bardyka ol aýalyň ýanyna?