Öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan diýseň datly, egnindäki milli egin-eşikleri gatbar-gatly, şelpeli şaý-sepleri zynatly, ýigitleri gyrmyzy donly-gyratly, perigatanç gözelleri biri-birinden syratly, monjugatdydyr-läleleri süýji arzuwlardan ganatly, türkmen halkynyň baýlyk ummanyna ser salsaňyz, atalarymyzyň asyrlardan aşyryp, biziň günlerimize süýşürip, hoşboý ysly çemen kimin bize gowşuran bimöçber gymmatlyklarynda nazarymyz eglener. Her bir taryhy tapyndynyň beýanynda, eždatlarymyzyň nirelerde mekan tutandygy, olaryň haýsy meselede utandygy, türkmen ýaşaýşynyň düýp özeninde niçiksi belent maksatlaryň ýatandygy, türkmen halkynyň umumyadamzat medeniýetine nähili gatanç gatandygy, aýdyňa getirilýär. “Oguznama“ , „Gorkut ata“, „Görogly“ kysmy ajap eserleri – eposlary döreden türkmen kabylasynyň: „Ary bolsun, baly bolsun“, „Tamakinçilik haýany iýer, sadaka-belany, toba-günäni“„ "Degjek taýak gizlenip geler.Degmejek taýak gezelip geler", „Saglyk isleseň - köp iýme, hormat isleseň - köp diýme", „Dert - agladar, yşk -sözleder", „Müňe bir söýle, bire müň söýleme" - ýaly aýtgylary, näme üçin ömür menzillerimize möhürläp, bize miras galdyrandyklarynyň sebäpleri şu günki günde-de änigi-şänigi bilen yzarlanylýar, öwrenilýär. Ynsanýet bedeni hereketde, ynsanýet aňy herekede. Hereket bar ýerde bereket bar, bagt bar. Nämälimlikden mälimlige tarap eliňden çekýän, altyn wagt bar. Esasy gep ony duşuňdan geçirmezlikde. Aýdylmadyk söz, çalynmadyk saz bar entek jahanda. Elleriň aýasy bilen, emaý bilen gumy syrylmaly yz bar entek jahanda. Tomus eçiljek miweleri biri-birinden şirin ýaz bar entek baharda. Halk mukaddesliklerimiz monjuk kimin düzüm-düzüm, adamlara münsüz garap bilýän gara gözüm, hantamaçylykdan-tamakinçilikden daşda bolan desterhandaky halal duzum, milli dilim, milli sözüm, aňňat-aňňat gum depelerinde galdyran aýak yzym, gury gamyşdan üflenip çalynan geçmiş sazym, asyrlaryň jümmüşinden geljegiň kalbyna dolan ýürek owazym, baky sowulmajak baharym ýazym. Edil halk döredijiligi ýaly, däp-dessurlar geçmişi şu güne, şu güni ertire eltjek gymmatlyklardyr. Şonuň üçin däp-dessurlarymyzy, urp-adatlarymyzy, edep kadalarymyzy biziň her birimiz içgin öwrenip,olary ene-mamalarymyzyň öwüt-ündewleriniň, sahna folklor, oýunlarynyň ýagny hüwdileriň, läleleriň, monjugatdylaryň, kitabyň wakalarynyň üsti bilen ýaş nesliň aňyna ornaşdyrmak üçin terbiýeçilik usullarynyň ähli görnüşlerinden ýerlikli peýdalanmagymyz gerek. şahyra Annatuwak Kakaýewa

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 10 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir