Türkmenistan 1991–nji ýylyň 27–nji oktýabrynda garaşsyzlygyny yglan etdi. Onuň yzysüre şol ýylyň 25–nji dekabrynda SSSR kanunalaýyk esasynda dargady. SSSR–iň düzümindekäk diňe döwlet eýeçiligi we döwlet tarapyndan kegitlenýän kolhoz eýeçiligi bolup, ol eýeçilikleriň ýeke–täk eýesi döwlet bolup durýardy. Has dogrusy, ol döwürde hökümet her bir raýatyň maşgala–durmuşynyň nähili bolmalydygyna çenli kesgitleýärdi. Dogry, SSSR döwründe hem orta, ýörite, ýokary okuw mekdepleri mugtdy. Ýöne raýatlara synpylaşdyrylan ylym–bilim öwredilýärdi. Adamzat jemgyýeti barlyşyksyz baýlara–garyplara bölünendi. Baýlar jemgyýetiň zyýanly adamlary, garyplar bolsa ýaşaýşyň güli, ýöne baýlaryň zulmundan ezilen, ýagny garyplaryň gazanan baýlygynyň bir bölegi baýlar tarapyndan olaryň elinden zor bilen alynýar. Zorluk sebäpli garyplar ýeter–ýetmez günde ýaşapdyrlar, häzirem kapitalistik ýurtlarda baýlar garyplary rehimsiz ezýärler diýlip düşündirilýärdi. Emma döwlet eýeçiligindäki zawod–fabrikde işleýän işçileriň ýa–da kolhozda zähmet çekýän daýhanlaryň öndürýän önüminiň 70, hatda nebit –gaz pudagynda 80-90 göteriminiň hökümet gaznasyna geçirilýändigi hakynda hiç zat aýdylmaýardy. Pudak, zawod–fabrikleriň umumy eýeçilikde bolmagy önümçiligi artdyrmaga böwet bolýardy, çünki näme we näçe öndürmelidigi diňe döwlet tarapyndan kesgitlenýärdi. Hemmeler üçin deň möçberde bellenen aýlyk önümçiligiň pese gaçmagynyň iň uly sebäpleriniň biridi. Adamlar iş ukybyna görä däl–de, eýeleýän wezipesine laýyklykda hak alýardylar. SSSR–iň dargamagy bilen ägirt uly giňişlikde biri–birine baglanyşykly gurnalan ykdysatiýet dargady. Mysal, türkmen pagtasy Russiýanyň bir şäherinde işlenip, mata edilen bolsa, ýene bir şäherde pagta çigidiniň ýagy alynýardy. Türkmenistanyň oba hojalygy, esasan, pagta öndürmäge niýetlenip, ýurdumyza un, esasan daşyndan getirilýärdi. Emma uly imperiýanyň dargamagy bilen täze garaşsyz döwletler dünýä syýasatyna goşulyp, täze jemgyýetçilik gurluşyny emele getirmelidiler. Munuňam üstesine bozulan ykdysatiýetiň bütinleý çöküp galmagynyň öňüni almak, her bir maşgalanyň sosiýal durmuşynyň aşa peselmegine ýol bermezlik gerekdi. Ýöne nädip?! Bu sowala indi jogap tapmalydy. Türkmenistanyň çig mala baý ýurtdugy halkyň güzeranynyň aşa peselmegine ýol bermedi. Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda nebit–gazyň bahasynyň has arzanlmagy çig mal ýurdy bolan Türkmenistanyň raýatlarynyň durmuş ýagdaýyna täsir edendigi gizlin zat däl. 1994-1996–njy ýyllarda oba hojalygynda bellenilen möçberde gallanyň alynmazlygy ýurdumyzyň belli bir ýerlerinde un–çörek ýetmezçiligini döredendigi hem dogry. Synpy jemgyýetde 70 ýyldan gowrak ýaşan adamlaryň aňyny sarsdyrmazdan, täze jemgyýete geçmegiň anyk ýolunyň bolmazlygy, gyssagara kabul edilen syýasy gözlegleriň, çözgütleriň käbiriniň şowsuz netije bermegi adamlaryň lapyny keç edendigi–de belli zat. Ýöne raýatlar ýuwaş–ýuwaşdan synpy jemgyýetden el çekmelidigine, durmuşda ukybyňa görä ýaşamaly boljakdygyna düşünip ugradylar. Eýýam 1998-99–njy ýyllarda raýatlarymyzyň uly bölegi adamlaryň maşgala–durmuşynyň, iň esasam, adamlaryň maddy derejesiniň döwlet tarapyndan kesgitlenmejegine akyl ýetirip başladylar. Şol ýyllardan bäri indiden beýläk käbir pudaklar bolaýmasa, adamlaryň döwlet tarapyndan kesgitlenen aýlyk bilen üpjün edilmejekdigine, her bir adamyň diňe öz ukybyna daýanyp ýaşamalydygyna adamlar doly düşündiler. Türkmenistanyň garaşsyzlyk gazanmagy pikirlenip–oýlanyp bilýän adamlar üçin has bähbitli bolup çykdy. Türkmenistanda kiçi hem orta telekeçilik barha ösýär. Garaşsyzlygymyzyň başky on bäş ýylynda , esasan, söwda pudagy boýunça kiçi we orta telekeçilik dörän bolsa. 2007–nji ýyldan bäri gurluşyk, oba hojalyk pudagynda hususy firmalar döräp, senagatda we oba hojalygynda kiçi, orta telekeçiler barmak büküp sanardan köp boldy. Bu günki gün ýurdumyzdaky nebit –gaz, agyr senagat, howa, demir we gara ýol gurluşygy pudaklaryndan beýleki ähli pudaklarda türkmen telekeçisi bar. Telekeçiligiň ösmegi üçin döwlet uly ýardam berýär. Telekeçiligi giňeltmäge, döretmäge, olara ýardam edýänlere, döwlet banklary ujupsyz mukdarda ýylda bäş göterim möçberinde karz pul berýär. Bu telekeçi üçin uly ýardamdyr. Ýurdumyzda islendik dörediji adam üçin işlemäge, oňat ýaşamaga mümkinçilik bar. Kähalat belli–belli adam faktory bilen bagly raýatlaryň öňünde käbir kynçylyklaryň döredilmegi mümkin, ýöne ol kynçylyklardan hem maksada okgunlylyk, iň esasam, edýän işiň dogrulygyny subut etmek bilen çyksa bolýar. Döwlet derejesinde pudaklary hususylaşdyrmak meýilnamasynyň bolmagy geljekde raýatlarymyzyň ykdysady mümkinçiliginiň has köp boljakdygyna şaýatlyk edýär. Sebäbi hususy pudagyň önümçilik paýy gitdigiçe artýar. Bu bolsa adamlaryň döwlete garaşlylygyny gitdigiçe azaldar. Soňlugy bilen döwlet diňe raýatlaryň abadan hem parahat ýaşaýşynyň kepiline öwrüler. Şeýle hem döwletimiz sosiýal taýdan kömege mätäç garrylaryň, köp çagalylaryň, maýyplaryň bolmanda, orta drejede ýaşamagyna ýardam eder. Hut şu maksatdan ugur alnyp, Türkmenistanda nebit–gaz pudagynyň hususylaşdyrylmajakdygy anyk beýan edildi. Raýatlaryň döredijilikli işlemegi üçin oňaýly şert döretmäge döwlet derejesindäki aladalar barha güýçlenýär. Raýatlaryň bazar ykdysatiýetiniň şertlerinde işlemegine, ýaşamagyna, dynç almagyna kanuny kepillik bermek üçin, täze kanunlar kabul edilýär. „Telekeçiler“, „Daýhan hojalygy“, „Ylym“ hakynda kabul edilen kanunlar durmuşa ýaňy gadam basan ýaş nesil haýsy hünäri saýlap alanda hem, ol raýatyň ukybyna görä gazanmagyna döwlet derejesinde kanuny kepillik berilýär. Aň öwrülişigi hakynda gürrüň gidende, raýatlaryň döwlete, hökümete bolan ynamynyň berkändigini hem aýtmak gerek. Mundan ýedi–sekiz ýyl öň ýurtda neşekeşligiň soňuna çykmak diýen düşünje hyýalbelentlikden başga zat däldi. Emma neşekeşlik belasy ýurdumyzda doly ortadan aýryldy. „Neşekeşe çäre ýok“ diýen düşünje manysyny ýitirdi. „Pylany uly neşe barony, onuň arkasynda ýokardan hossary bar“ diýilýän „hossarly“ neşe söwdagärleri „hossarlary“ bilen türmede otyr. Bu bolsa döwletimiziň sarsmaz güýjüniň bardygyny kemsiz subut etdi. Edilýän işler az däl, ýöne edilmeli işler ondanam köp. Käbir ýerlerde işleriň göwün isleýşi ýaly bolmazlygam mümkin, çünki hereketdäki adam, näçe kämil bolanda hem ýalňyşybam, säwlik goýberibem bilýär. Ýöne indi iň esasy zat: Ýurdumyzyň raýatlarynyň uly bölegi özlerine diňe Türkmen döwletiniň hossardygyny, öz ukubyňa–paýhasyňa görä ýaşamalydygyna akyl ýetirýärler. Türkmeniň indi öz eli öz ýakasy. Türkmeniň ýaşaýyş–durmuş obrazy halkymyzyň akyl–paýhas derejesini alamatlandyrýar. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň şäher –obalarynyň gözelleşýändigi göze dürtülip dur. Aşgabat şäherimizde gurulýan köşgi –eýwanlar, gözel ymaratlar Türkmeniň göwün köşgüniň simwoly bolup dur diýip arkaýyn aýdyp bileris. Çünki bu gün telekeçi ýa gullukçy, ýa daýhan bolup, halal ýaşap, halal baýap, nähili kaşaň ymaratlarda ýaşap ýören raýatlarymyz barmak büküp sanardan köp. Indi SSSR döwründäki synpy dünýägaraýyşa halk hakydasynda orun ýok diýen derejä bardy. Adamlarymyz halal baýlygyň, rysgal döwletiň, ukyby, döredijilik zähmeti bilen baýan islendik ynsanyň jemgyýete howply adam däldigine Magtymgulynyň paýhasyna uýýan halkymyz garyplygyň adam başyna uly dertdigine oňat düşünýärler. Şeýlelikde raýatlarymyz ýurdumyzyň üstünligini guwanjy–kemçiligini gynanjy hökmünde kabul edýärler. Ynha, raýatlarymyzyň uly böleginiň şu hakykata düşünmegi adamlaryň parahat ýol bilen oňyn aň öwrülişigine eýe bolandygyna kepil geçýär. Bu bolsa Garaşsyzlygymyzyň barha berkäp, ýurdumyzyň gülläp ösjeginiň aýdyň subutnamasydyr. Döwletmyrat Ýazkulyýew. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.

Köneler, Publisist tarapyndan 10 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir