“Mysgal demri deňiz hem götermez” bu nakyl bolsa, fizikada Arhimediň güýji bilen bagly ýüze çykypdyr diýsek ýalňyşmarys. Haçanda demriň dykyzlygy suwuň dykyzlygyndan uly bolanda, ol göwrümine, agramyna seretmezden suwuň düýbüne çümer. Ýöne ýene-de bir belläp geçmeli zat, käbir deňiz suwy has şor bolýar. Şonda onuň dykyzlygy hem uly bolýar. Şeýle ýagdaýda suwuň dykyzlygyna gabat gelýän uly agramdaky demir hem çümmeýär. Mysal üçin: ýurdumyzdaky Mollagara şypahanasynyň suwunyň dykyzlygy hatda adamy hem göterip bilýär. “Ýagly küýzä suw ýokmaz” Dogrudan hem, ýagly küýzä suw guýsaň suw damjalary ýagyň ýüzünde düwme-düwme bolup durýar. Munuň sebäbi öllenme hadysay bilen bagly. Ýagny suwuň molekulalarynyň özara dartyş güýji ýag bilen suwuň arasyndaky özara dartyş güýjünden uly. Şeýle bolanda öllenme hadysasy bolup geçmeýär. Suw ýagyň ýüzüni örtmez. Diňe düwme-düwme bolup durar. “Ýeri güýz sür, güýz sürmeseň ýüz sür”. Bu nakylda bolsa, ata-babalarymyz özleriniň uzak wagtlyk tejribeleriniň esasynda daýhanlarymyza örän peýdaly we zerur maslahaty beripdirler. Çünki baslygan ýerde kapilýar ýodajyklar emele gelýär. Şol ýodajyklar arkaly ýeriň yzgary bugarýar. Eger-de güýzüne heniz ýagşyň garyň ýagmadyk wagty ýeri sürüp, şol kapilýarlary bozsaň, ýere düşen ýagyş we gar ýere siňýär we bugaryp bilmeýär. Şeýlelikde, ýer çyglylygyny saklaýar.Bu bolsa, suwy ep-esli derejede tygşytlamaga ýardam edýär.
Nakyllar nähili döräpdir? (dowamy)
-
Energetik
10 years ago
- Molodsa ayka! Gowu zatlar yazypsyn!
-
kitaphanachy
10 years ago
- Nakyllaryňa döneyin maladis
-
ONTALYPDYM
10 years ago
- Aykajan söyyana seni büüeeehhehhee..
-
Talyplarchy
10 years ago
- Gowja maglumat
phenomen2 10 years ago- Kelle baraý adamlarda