Adamlaryň käbiri töweregindäkilerde özüniň juda gerekli we ähmiýetlidigi hakdaky pikiri oýarmak isleýär. Olar her gezek gapy kakylanda, dessine telefonyny eline alyp, özüni kimdir biri bilen gürleşýän ýaly alyp barýarlar. Şular ýaly häsiýetdäki adamlaryň biri gapydan giren adama: “Geliň, geçiň, oturyň. Ŷöne bir minutlyk tagapyl ediň, men şu wagt bir möhüm meseläniň çözgüdini tapjak bolup otyryn” - diýer eken. Soňra bolsa telefondaky gürrüňini dowam etdirip: “Hä, hawa…ýaňky aýdyşym ýaly ýerine ýetirersiňiz, hökman netijeli bolar… elbetde… bolýar, habarlaşyp duruň” - diýer eken. Bu gezek hem şu ýerine çenli hut şeýle bolupdyr. Ol telefon trubkasyny goýupdyr-da: “Aýdyberiň, näme mesele bilen geldiňiz?” - diýip, täze gelen adamdan sorapdyr. Ol adam elindäki gurallary görkezip: “Hojaýyn, men siziň işlemän duran telefonyňyzy bejermäge gelipdim…”- diýip, jogap beripdir. Ýasama häsiýet haçandyr bir wagt sepini bildirýär. Şonuň üçin adamlara ýa-da ýagdaýlara görä öwsüp ýörmän, öz bolşumyz ýaly görnübereliň.
Ýasama häsiýet
-
totyhan
10 years ago
- daş edewersin mena öyme gelen adamy güler yüz bılen garşy alyan .Yagdayym nahili bolsada
-
Energetik
10 years ago
- Wakkr. Oblom bolupdyr ol adama. :-)
Horjun 10 years ago- Berekella. Aýdýanlaryň ugrunda bar