Nakyllar dogrusyndaky gürrüňimiziň dowamy. “Küýze döwülse, ýama tutmaz” diýen nakylda bolsa, islendik jisimi düzýän bölejikler molekulalar biri-birine degip duran däldirler. Olaryň arasynda “boşluklar” bardyr. Olar biri-birinden belli bir aralykda ýerleşýärler we bitertip hereket edýärler. Molekulalar özara dartyşýarlar. Her bir moleklula goňşy molekulany özüne çekýär we özem çekilýär.Ýöne belli bir ýakynlyga ýeteninde bolsa itekleşýärler. Bu hem jisimiň belli bir görnüşe eýe bolmagyna ýardam edýär. Eger-de güýç sarp edip küýzäni döwsek, onda onuň molekulalarynyň arasyndaky özara dartyşmany we itekleşmäni bozýarys. Eger-de ony öňki kaddyna getirjek bolsak, onda biz küýzäň döwükleriniň molekulalaryny olaryň täsir edýän aralygyna çenli ýakynlaşdyrmaly bolýarys. Munuň üçin biz örän uly güýç sarp edip, küýzäň döwüklerini biri-birine goýup berk gysmaly. Ýöne küýze beýle uly güýje çydamaz we pytrar. Nakyldaky döwlen küýzäni öňki kaddyna getirip bolmaýşy ýaly, döwlen ynsan kalbyny hem seýikläp bolmaz. “Täze küýzäniň suwy sowuk”. Bu nakylda ata-babalarymyz fizikanyň kanunlaryny durmuş bilen baglanyşdyryp beripdirle. Näme üçin täze küýzäniň suwy sowuk bolýarka? Täze ýasalan küýzäniň diwarlarynda örän ownujak göze görünmäýän inçejik kapilýar ýodajyklar bolýar. Şol ýodajyklaryň üsti bilen küýzäň içindäki suw bugarýar. Suwuň içki energiýasy azalýar. Energiýa azalsa-da, temperatura peselýär. Şeýlelikde, suw sowaýar. Wagtyň geçmegi bilen kapilýarlar dykylýar. Şonuň üçin küýze ýasalanda, onuň daşy reňklenmeýär. dowamy bar...
Nakyllar nähili döräpdir? (dowamy)
-
Friend
10 years ago
- Gowy
Bayja 10 years ago- minnetdar gyzykly maglumatlaryna