Golaýda şeýle at bilen Aşgabat gurluşyk orta hünär oku mekdebinde işleýän ýaşlaryň hem-de talyplaryň arasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşiniň gurnamagynda geçirilen wagyz-nesihat duşuşygyna dilleri senaly käbeleimiz, jemgýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşlar guramalarynyň işjeňleri gatnaşdy. Duşuşykda mugallymlar, ýaşuly nesliň we saglyk edaralarynyň wekilleri çykyş edip, edebiň lki bilen özünden başlaýandygyny, pederlerimizden gelýän asyllylyk, edep-ekremlylyk, birsözlülik, dostuna ikilik etmezlik, ulyny sylamak, kiçileri söýmek ýaly häsiýetleriň her bir ýa ýigide hem-de ýaş gyza mahsus bolmalydygy barada gürrüň etdiler.Ýaşlara Hormatly Prezidentimiziň nusgalyk häsiýetlerinden, seýle-de, “Älem içre at gezer”, “Döwlet guşy” ýaly ajaýyp eserleriniň esasy gahrymanlaryndan görelde almagy, elmydama öz-özüňi taplap gezmegi, il-halkyňy, Watanyňy söýmegi, ylymly-bilimli, hünärli, edep-terbiýeli, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmegi öwüt etdiler, ýaşlaryň sowallaryna jogap berdiler.

Köneler, BerkararlykTMYaG tarapyndan 10 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir