Ol desgalaryň tutuş toplumyny özünde jemleýär, şolarda üstünlikli okamagy, oňat ýaşamagy we boş wagtyňy peýdaly geçirmegi üpjün etmek üçin ähli şertler döredilendir. Şäherçäniň çäklerinde Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň täze binasy, naharhana we 430 orunlyk okalga zaly bolan kitaphana, her biri 425 adam üçin niýetlenen talyplar üçin iki sany umumyýaşaýyş jay, basketbol, woleýbol, boks we sportuň milli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli zerur enjamlar we abzallar bilen üpjün edilen sport zalyny, ýüzülýän howzy özünde jemleýän sport toplumy, şeýle hem açyk sport meýdançalary bolan stadion ýerleşýär. Ykdysadyýet şäherçesine multimediýa enjamlary bilen üpjün edilen 600 okuwçy orunlyk umumybilim berýän mekdep, 160 orunlyk çagalar bagy, şeýle hem iki sany söwda merkezi girýär. Bu toplum has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan her biri 36 öýli 12 gatly jaýlaryň ikisini we 144 öýli 12 gatly jaýlaryň birini özünde jemleýär. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty Täze binalary ulanmaga berlen Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda jemi 3 müň talyp okaýar. Ýokary okuw mekdebiniň düzüminde dört bölüm, şol sanda ykdysadyýet, maliýe, menežment we marketing bölümleri bar. Okuw otaglary häzirki zaman tehnikasy bilen üpjün edilipdir. Täze bina 10 ýyl Abadançylyk we Atatürk köçeleriniň çatrygynda ýerleşýär. Bu ýerde 430 orunlyk okalga zaly bolan elektron kitaphana, daşary yurt dillerini çuň öwrenmek üçin lingafon otaglary bar. Leksion otaglar interaktiw tagtalary bilen üpjün edilipdir. 660 adam üçin niýetlenen mejlisler zaly bütin dünýäde meşhur “Bosch” şereketinde öndürilen häzirki zaman akustiki enjamlar bilen üpjün edilendir. Ykdysadyýet bölüminiň okuw binasy: • Lingafon otagy • Kompýuter tilsimatlary otagy Bölümlerde ýöriteleşdirilen otaglar: Bank işi kafedrasynyň esasynda “Bank işi” we “Gazna biržasy” atly ýörite otaglar döredildi. “Bank işi” otagynyň düzümine halkara bölümi, bank amallary bölümi, karz bölümi we maliýe seljermesi bölümi girýär. Bu ýerde oturdylan okuw esbaplary talyplara anyk wagtyň dowamynda öňdebaryjy maglumatlar tilsimatlarynyň esasynda ähli zerur bank amallaryny iş ýüzünde amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Buhgalteriýa hasabyny ýöretmek, ykdysady seljeriş we audit kafedrasynyň esasynda döredilen ýörite “Buhgalteriýa hasabyny ýöretmek” otagy hem şunuň ýaly ýörelge boýunça işleýär. “Gazna biržasy” otagy hem talyplara anyk ýagdaýa ýakynlaşdyrylan şertlerde oýun modelirlemegiň esasynda milli hem-de dünýä gazna biržalarynyň işlemeginiň düzgünleri bilen jikme-jik tanyşmaga mümkinçilik berýär. Çeşme: “Türkmenistan: altyn asyr” Elektron gazeti

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 10 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir