Täze çapdan çykan kitaby okap, Öwran-öwran telim ýola gaýtalap, Dadyp görüp, bagtyýarlyk nygmatyn, Ýüzüne syldylar halaýyk gutlap. Altyn däl, kümüş däl, bibaha gymmat, Altyndan, kümüşden agramly hümmet, Içginden has içgin edilip söhbet, Kitap hakda pikir alyşdy millet. Kalplara hoş gelip, kitaply söhbet, Kitaply söhbetden ýagarmyş rähnet. Okadygyň saýyn açylyp gözüň, Onuň gatlaryndan ýagyp dur hikmet. Akyl gözgüsinde merjen dänesi, Hakydada merjen sözüň manysy, Her sahapda, her setirde, jümlede, Öwşün atýar bagtyýarlyk namasy. Geçmiş bilen geljegiň aýany Kitap! Danalaryň düýnäp, uýany Kitap! Beýikleriň göterilen ykbaly, Döwürleriň ömür beýany Kitap! Bir gün saý-sebäp bilen birnäçe akyldar danalar desterhanyň başynda jem bolýar. Saçak ýazylyp, orta dürli naz-u-nygmatlar çekilýär. Danalaryň akyldary bir gaby eline alyp, oturanlara ýüzlenýär: -Ine, meniň elimde owadan gap, onuň içinde-de süýji bal, balyň içinde-de inçejik gyl. Bu barada her kim öz pikirini beýan edip, hikmetli sözüni aýtsyn - diýýär. Danalaryň hersi bally gaby eline alyp, ony özüçe, öz garaýşy bilen beýan edýär. Olaryň biri: - şu oturan akyldar danalara hyzmat etmek baldan-da süýji, emma olaryň her - biriniň göwnüne ýetmek üçin gyldan-da inçelik gerek - diýip jogap beripdir. Danalaryň ikinjisi bally gaby eline alyp: -Bal süýji, baldan-da bala süýji. Ýöne perzendi kemally, edepli, terbiýeli, adam edip ýetişdirmek üçin gyldan-da inçelik bilen çemeleşmeli -diýip, bally käsäni üçünji dana geçiripdir. Danalaryň üçünjisi öz pikirini gelin - gyz gözelligi bilen baglanyşdyryp mälim edipdir: -Zenan gözelligi baldan-da süýji. Emma şol gözellege şek ýetirmän mylakatly, mahriban, hoşzyban, kalby mähirli, ýüregi oňat niýet pälli, asylly, edep - ekramly bolmak, olaryň ählisini özüňde jemlemek üçin gyldan-da inçelik gerek - diýip, sözüni berkidýär. Danalaryň dördünjisi : - Ylymly - bilimli bolmak bal ýaly süýji. Süýji balyň mähellesi köp bolýar. Ilki oýlan, soňra geple, «bes» diýilmänkä özüň saklanmany başarmak bal. Emma, ylmyň özenini kalbyňa siňdirip, ony özgelere öwretmek gyldan-da inçe diýip, olaryň pikiriniň üstüni ýetiripdir. Görşümiz ýaly: “Ynsan paýhasy hat-da inçejik gyly-da kyrka bölýär“ - diýilmegi megerem şu bolsa gerek. Danalaryň ählisi-de öz garaýyş nukdaýy boýunça mamla. Edil olaryň aýdyşy ýaly: “Ýollaryň iň ýagşysy we iň nuranasy ynsan kalbyna, halkyň kalbyna barýan ýoldur”. Bir agza bakyp, bir ýörelgä uýýan asudalygyň, agzybirligiň ýoly baldan-da süýjidir. Ony berkitmek welin gyldan-da inçedir. Iň nurana jaý jennet diýip, öwerler, ýöne welin hakyky nurana jaý biziň jennet mekanymyz Türkmenistandyr. Onuň halka eçilýän bagtyýarlyk nygmatlary baldan-da süýjüdir. Akyldar söhbeti, danalar pendi, Bir döwrede gyzan meýlise döndi. Barçany özüne edipdir bendi, Türkmen parasady-türkmen paýhasy. Artyk söz gysgalsa nakyla döner, Söz nyşana degse akyla döner, Salgymda azaşsaň ýalkyma döner, Türkmen parasady-türkmen paýhasy. Sözden bina bolan Köňül gözgüsi, Berkarar döwletiň ömür ýazgysy, Gymmatlyk içinde tenha özgesi, Türkmen parasady-türkmen paýhasy. Geljegi, boljagy aýan bilip dur, Gürleşseň syrdaşyň, hemraň bolup dur, Inçejik gyly-da, kyrka bölüp dur, Nygmat bardyr, dadyp görüp goýma bar, Nygmat bardyr, iýip bolup doýma bar, Eger-eger öz erkime goýmaýar, Türkmen parasady-türkmen paýhasy. Aýdylmadyk söz bar entek jahanda, Çalynmadyk saz bar entek jahanda, Ebedilik yz galdyrar jahanda, Türkmen parasady-türkmen paýhasy. Manyly ýaşalan ömre dowamdyr, Bagtyýar eýýama, döwre güwämdir, Nurana geljege baky rowandyr, Türkmen parasady-türkmen paýhasy. Türkmen parasady-türkmen paýhasy.
Baldan-da süýjüdir
-
kitaphanachy
10 years ago
- taze agza
Gudwin 10 years ago- Siz onki agzalarmy yada taze agza