Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp, 28-nji oktýabrda Birleşen Ştatlaryň Garward uniwersitetiniň Orsýet we Ýewraziýa boýunça Deýwis ylmy-barlaglar merkezinde medeni agşam geçirilýär. Boston şäherinde geçirilýän “Türkmen medeni agşamyny” gurnamaga ABŞ-da ýerleşýän “Türkmen ýaşlary we jemgyýetçilik gymmatlyklary fondunyň” goşant goşandygy habar berilýär. Medeni agşama gatnaşyjylara Merkezi Aziýa ýurtlarynyň tagamlary hödürlener. Onuň dowamynda aýdym-saz programmalarynyň hem görkeziljekdigi habar berilýär. Çäre jemgyýetçilige açyk bolar.
Garward uniwersitetinde "türkmen medeni ag$amy" geçiriler
-
magnit
13 years ago
- $ol ýerden da$yragamy?
-
idealman92
13 years ago
- çärä äkitdilermikä diýýän
idealman92 13 years ago- tüweleme!anyrdaky talyplaram akitdilermikä?