Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy ýurduň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde 2026-njy ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanda Ýewropa medeniýetiniň günleriniň geçiriljekdigini yglan etdi. Medeni maksatnamanyň çäklerinde tomaşaçylara italýan jazz aýdymçysy we ýerine ýetirijisi Simona De Rozanyň çykyşy garaşýar. Çykyş 20-nji noýabrda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda bolar. Başlanýan wagty sagat 19:00. Guramaçylar paýtagtyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny sungat baýramyna goşulyp, ajaýyp aýdym-sazlardan lezzet almaga çagyrýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 15 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→