Argentina Günorta Amerikada maýa goýumlaryň öwezine raýatlyk berip başlan ilkinji ýurt boldy. Bu barada Argentinanyň ykdysadyýet ministri Luis Kaputo X sosial torunda habar berdi. «Biz Argentinada maýa goýumlar arkaly raýatlyk almak maksatnamasynyň işe girizilýändigini yglan edýäris. Onuň çäklerinde ýurda iri maýa goýumlary goýandygyny tassyklaýan daşary ýurt raýatlary argentina raýatlygyny almak üçin arza berip biler» – diýip, Kaputo ýazdy. Ministriň aýtmagyna görä, arzalar 2026-njy ýylyň dördünji çärýeginde kabul edilip başlanar. «Altyn pasporty» almak üçin maýa goýumlaryň iki görnüşi göz öňünde tutuldy: 350 müň dollar möçberinde yzyna gaýtarylmaýan maddy goşant; 800 müň dollarlyk döwlet obligasiýalaryny satyn almak. Maýadaryň maşgala agzalary hem raýatlyk alyp biler. Ýanýoldaşlary we 18-den 25 ýaş aralygyndaky nikalaşmadyk çagalary 100 müň dollar möçberinde maddy goşandy geçiren ýagdaýynda arza berip biler, kämillik ýaşyna ýetmedik çagalar üçin bolsa 25 müň dollar möçberinde goşant bellenildi. Arzalar degişli barlagdan geçiriler. Häkimiýetler arza berijileriň şahsyýetini, serişdeleriň kanuny gelip çykyşyny, maliýe ýagdaýyny, kazyýete çekilendigi baradaky maglumatlary, abraýyny we immigrasiýa taryhyny öwrenmegi meýilleşdirýär. Argentina häkimiýetleri täze maksatnamanyň ýurduň ykdysadyýetine goşmaça serişdeleri çekmäge ýardam berjekdigine tama edýär. «Financial Times» neşiriniň bellemegine görä, häkimiýetler bu maksatnamanyň ýakyn ýyllarda karz borçnamalaryny üzmek üçin onlarça milliard dollar çekmäge mümkinçilik döreder diýip, umyt edýär. Ýurt 2020-nji ýyldaky üýtgedip gurmak işlerinden soň global kapital bazaryna henizem dolanyp bilenok we serişdeleri çekmegiň dürli ýollaryny gözleýär. Argentina maýa goýumlar üçin raýatlyk hödürleýän iň uly ýurtlaryň birine öwrüler. Ýurduň pasporty dünýäniň, takmynan, 170 döwletine wizasyz barmaga mümkinçilik berýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 15 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→