2026-njy ýylyň başyndan bäri Özbegistana syýahat eden türkmenistanlylaryň sany 220 müňden geçdi. Bu barada Özbegistanyň uza.uz saýty habar berýär. Habarda bellenilişine görä, şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda 224,8,5 müň türkmenistanly jahankeşde goňşy ýurda barypdyr. Hasabat döwründe, Türkmenistan Özbegistana syýahat eden raýatlarynyň sany boýunça ýedinji ýeri eýeledi. Bu ugurda birinji orun Özbegistana syýahat etmek üçin 2,5 million raýaty baran Gyrgyzystana degişli. Şeýle-de ilkinji bäşlikde Gazagystanyň (2,1 million syýahatçy), Täjigistanyň (2 million syýahatçy), Russiýanyň (867,7 müň syýahatçy) we Owganystanyň (329,6 müň syýahatçy) ady bar. Türkmenistanyň öňýanyndaky orny bolsa 318,5 müň jahankeşde bilen Hytaý eýeläpdir. Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň 8 aýynda Özbegistana syýahat eden daşary ýurtly jahankeşdeleriň umumy sany 9,1 milliona deň bolup, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 21,1 göterim köpdür.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir