Çorba taýýarlamak üçin gazan, hatda suw hem gerek däl. Muny ispan baş aşpezi, sosial torlarda Mikelisimo diýen at bilen tanalýan Milel Kano subut etdi. Ol öz tomaşaçylary üçin gadymy reseptler esasynda gazansyz hem suwsuz çorba taýýarlady diýip, «rg.ru» gürrüň berýär. 1750-nji ýylyň reseptiniň syry nahar taýýarlamakda gazan üçin kädi peýdalanylýar. Baş aşpez kädiniň depesini kesdi, çigidini we etini aýryp, içine towuk, sogan, käşir, seldereý, şalgam we kelem saldy, duzdur huruşlyklary goşdy. Kano soňra daşyna ýag çalnan kädini birnäçe sagatlap Selsiý boýunça 85 gradusa çenli gyzdyrylan howurpejde ýerleşdirdi. Çorba üçin zerur bolan suwuklygy onuň içine salnan goşundylar üpjün edýär. Diňe dogralan çörek goşaýmaly. «Örän tagamly, süýji çorba bolýar, iýeniňde gulagyňy kesselerem duýmaýarsyň» diýip, Mikelisimo gürrüň berýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir