Türkmenistanyň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň ylmy işgärleri, şeýle hem Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Ninsýa-Hueý awtonom sebitiniň dolandyryş merkezi bolan Inçuan şäherinde geçirilen çölleşmä garşy göreş boýunça hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryna gatnaşdylar. Bu barada «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär. Okuwlar «Hytaý–Merkezi Aziýa» görnüşindäki Çölleşmä garşy göreş boýunça hyzmatdaşlyk merkeziniň binýadynda geçirildi. Çärä Hytaý Halk Respublikasynyň milli telewideniýesi tarapyndan giňden beýan edildi. Teleýaýlymda Merkezi Aziýanyň alymlarynyň meýdan saparlary we ylmy pikir alyşmalary görkezildi. Türkmenistanyň çölleri öwreniji alymlary Hytaýda hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryna gatnaşdylar Okuwlara çölleşmä garşy göreş, ekologiýa, tokaý hojalygy, oba hojalyk we tokaý ekinlerine zyýan berijilere garşy göreş, tozanly-gumly tupanlaryň täsirleri, ýangynyň öňüni alyş çäreleri, çägeleri berkitmek we çölleri özleşdirmek, şeýle hem suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak ugurlarynda Hytaýyň öňdebaryjy alymlary tarapyndan taýýarlanan tematik çykyşlar we tanyşdyryşlar hödürlendi. Türkmenistanyň wekilleri hem öz gezeginde hytaýly kärdeşleri bilen milli tejribelerini paýlaşdylar, soňky ylmy işläp taýýarlamalar bilen tanyşdylar we ýöriteleşdirilen döwürleýin neşirleri alyşdylar. Hususan-da, Aşgabat şäherinde neşir edilýän «Çölleri özleşdirmegiň meseleleri» atly Halkara ylmy-amaly žurnalyň nusgalary sowgat hökmünde gowşuryldy. Şeýle hem milli sowgatlar we ýadygärlikler gowşuryldy. Hytaý tarapy Hytaý Halk Respublikasynyň hünärmenleriniň çölleri öwrenmek boýunça iş tejribesini geçen asyryň ikinji ýarymynda Aşgabatdaky Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň ylmy merkezleriniň binýadynda, şeýle hem Hytaýda we geçmişde hytaýly çölleri öwreniji alymlaryň iş saparyna iberilen beýleki ýurtlarynda alandygyny aýratyn belledi. Bu barada hytaýly hünärmenleriň çykyşlarynda hem bellenildi. Olaryň tanyşdyryşlarynda saklanyp galan arhiw suratlarynda dürli ýurtlardan, şol sanda Hytaýdan gelen diňleýjiler üçin ilkinji halkara çölleri öwrenmek okuwlaryny geçiren türkmen alymlary — A.G. Babaýewiň, M.P. Petrowyň we N.T. Neçaýewanyň şekillerini görmek bolýar. Umuman, kämilleşdiriş okuwlaryna gatnaşyjylar tejribe we däp-dessurlar bilen alyşmagyň, bilimleriň özara baýlaşmagynyň täsirli netijeliligine ýokary baha berdiler. Şeýle hem olar çölleri öwrenmek ylmynyň dörän ýurdy bolan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirdiler. Duşuşyga gatnaşyjylar ýakyn geljekde ylmy-amaly ugurda giň gerimli bilelikdäki işleriň amala aşyrylmagyna ynam bildirdiler.