«Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy (TNGIZT) ýokary önümçilik görkezijilerini eýe boldy. Ýylyň başyndan bäri kärhana 2 million 805 müň tonnadan gowrak çig nebiti gaýtadan işläp, bellenen meýilnamany 100,6 göterim berjaý etdi. Bu barada «Ussatnews» habar berdi. Habarda bellenilişi ýaly, zawodda ýerli hünärmenler tarapyndan çykarylýan nebit gaýtadan işlenilýär. Öndürilýän önümler ýokary dünýä hil standartlaryna gabat gelýär. TNGIZT-niň önüm görnüşlerine awtomobil benzini, dizel ýangyjy, awiasiýa we tehniki kerosin, suwuklandyrylan gaz, çalgy ýaglary, polipropilen, mazut, bitum we nebit koksy girýär. Kärhana ýokary hilli nebit önümleriniň hem-de nebithimiýanyň içki we halkara bazarlara durnukly ýetirilmegini üpjün etmek bilen, önümçilik depginini artdyrmagy dowam etdirýär.