Türkmenistanyň wekilleri «Birleşdiriji döredijilik» atly halkara kinematografiýa sessiýasyna gatnaşmak üçin arza tabşyrdylar. Bu barada TASS ýazýar. Habarda bellenilişine görä, «Göwher kebelek» Açyk Ýewraziýa baýragynyň çäginde geçiriljek sessiýa gatnaşmak üçin 13 döwletden 50-den gowrak arza tabşyrylypdyr. Taslama gatnaşmaga isleg bildirenleriň arasynda 13 ýurduň — Türkmenistanyň, Ermenistanyň, Belarus Respublikasynyň, Wenesuelanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Kubanyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň, Russiýanyň, Efiopiýanyň we Günorta Afrika Respublikasynyň wekilleri bar. «Bilermenler geňeşi olaryň arasyndan kinosessiýanyň on gatnaşyjysyny saýlap alar» diýlip, habarda nygtalýar. Kinosessiýa 19-njy oktýabr — 13-nji noýabr aralygynda N.S.Mihalkow adyndaky Kino we teatr sungaty akademiýasynyň binasynda geçiriler. Maksatnama ýaş kinematografçylar üçin niýetlenen bolup, ol Ýewraziya halklarynyň taryhy, däp-dessurlary we medeniýeti bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir. Gatnaşyjylar üçin režissura, rus kinosynyň taryhy, dramaturgiýa, kino dili we rus seriallarynyň taryhy boýunça alty sany ussatlyk sapagy geçiriler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir