Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady. Bu taslama Şwesiýanyň soňky 40 ýyldan gowrak wagtyň içinde ilkinji gezek atom energobloklarynyň gurluşygyna gaýtadan dolanmagynyň bir bölegi bolar. Ahyrky saýlaw tapgyrynda britan kompaniýasy GE Vernova amerikan kompaniýasyndan üstün çykdy. Şertnamanyň bahasy birnäçe milliard funt sterling möçberinde bahalandyrylýar. Hersiniň kuwwaty 470 MWt bolan üç reaktory ýurduň günorta-günbataryndaky häzirki hereket edýän Ringhals AES-iniň meýdançasynda ýerleşdirmek meýilleşdirilýär. Vattenfall kompaniýasynyň berýän maglumatlaryna görä, olar ýylda, takmynan, 12 TWt·sag elektrik energiýasyny öndürip biler, bu bolsa Şwesiýanyň ýyllyk elektroenergiýa sarp edilişiniň, takmynan, 6%-ine deňdir. Energetika ministri Ebba Buş bu taslamanyň atom generasiýasyny ösdürmäge we elektrik energiýasynyň nyrhlaryny peseltmäge ýardam etmelidigini mälim etdi. Birinji reaktor ygtyýarnama we zerur rugsatnamalar doly alnandan soň, 2030-njy ýyllaryň ortalarynda işe girizilip bilner.