15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär. Gatnaşyjylar Owganystandaky häzirki ýagdaýy, sebit hyzmatdaşlygynyň geljegini we ýurduň durnukly ösüşine ýardam bermek üçin halkara özara hereketleri ara alyp maslahatlaşdy. Duşuşygyň dowamynda Owganystana ynsanperwer kömegini bermekde, onuň durmuş-ykdysady taýdan ösmeginde, döwlet institutlaryny pugtalandyrmakda we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde BMG-niň hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň eýeleýän orny nygtaldy. Mejlisde çykyş edip, Ahmet Gurbanow Türkmenistanyň parahat, durnukly we ykdysady taýdan kuwwatly Owganystany goldamak baradaky yzygiderli garaýşyny belledi. Türkmen tarapy sebit durnuklylygyny berkitmek we hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen sebitiň ýurtlary, Ýewropa Bileleşigi we halkara guramalary bilen mundan beýläk-de işjeň gatnaşyk etmäge taýýardygyny tassyklady.