Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berýär. Wekiliýete ýurduň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň direktory Güljemal Çaryýewa ýolbaşçylyk edýär. Özüniň milli çykyşynda ýurt Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine ygrarlydygyny tassyklady hem-de bu resminamanyň gol çekmek üçin açylmagynyň 30 ýyllygyny we Türkmenistanyň oňa goşulmagynyň 30 ýyllygyny belledi. Türkmenistanyň CTBTO bilen işjeň hyzmatdaşlygy, şol sanda Halkara gözegçilik ulgamynyň PS44 «Alibek» seýsmiki stansiýasynyň işleýşi we gözegçilik hem-de barlag ulgamynda milli mümkinçilikleri berkitmek boýunça dowam edýän tagallalary aýratyn nygtaldy. Şeýle hem CTBTO-nyň Ýerine ýetiriji sekretary Robert Floýduň golaýda Türkmenistana bolan saparynyň netijeleri bellenip geçildi. Bu saparyň çäklerinde Aşgabatda ýokary derejeli sebit duşuşygy, milli maglumatlar merkezleri üçin okuw maslahaty hem-de parahatçylyk, howpsuzlyk we ýadro ýaragsyzlanmagy meseleleri boýunça Ýaşlar forumy guralypdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir