Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň sazandalary GDA-nyň Ýaşlar simfoniki orkestriniň düzümine goşulyp, Bişkek şäherinde geçirilen GDA agza döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIX forumynyň çäklerinde çykyş etdiler. Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň baş dirižýory Rasul Gylyjowyň bellemegine görä, forumda Nury Halmämmedowyň «Durnalar» simfoniýasy, şeýle hem P. I. Çaýkowskiýniň eserleri ýerine ýetirildi. – GDA-nyň Ýaşlar simfoniki orkestriniň çykyşy tomaşaçylar tarapyndan uly gyzyklanma bilen garşylandy. Orkestriň düzüminde Belarusyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň wekilleri hem çykyş etdiler – diýip, R. Gylyjow aýtdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir