Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň alymlary Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň Sinýan ekologiýa we geografiýa instituty bilen bilelikde Garagum sährasynda toplumlaýyn ylmy barlaglar geçirdiler. Bu barada turkmenistan.ru saýtyna salgylanyp, ussatnews.com habar berýär. Ylmy barlaglaryň dowamynda alymlar Garagumuň merkezini, Bokurdak we Ýerbent sebitlerini, Derwezedäki gaz kraterini, şeýle hem Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasyny we Repetek biosfera goraghanasyny öwrendiler. Ekspedisiýa gatnaşyjylar haýwanat we ösümlik dünýäsine seljerme geçirdiler, topragyň nusgalaryny aldylar we çölleşme hadysalaryny öwrenmek üçin ýörite meýdançalary döretdiler. Ekspedisiýanyň dowamynda ýygnalan maglumatlar Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň täze neşirini we çöl ösümlikleriniň atlasyny taýýarlamakda peýdalanylar. Hytaý Halk Respublikasynyň alymlary alnan maglumatlary Garagum landşaftlaryny öwrenmek we Garagum hem-de Taklamakan çölleri arasynda deňeşdirme seljermesini geçirmek üçin ulanmagy meýilleşdirýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir