Ýaponiýanyň Ýokkaiti şäheriniň häkimligi ot orujylary dokuz sany adaty geçi bilen çalşyp, 2 müň dollar töweregi serişde tygşytlady. Bu barada «Mainichi Japan» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» gürrüň berýär. Ýagny 800 müň ýen (5 müň dollar çemesi) bolan çykdajylar 500 müň ýene (3,1 müň dollar) çenli azaldy, sebäbi orlan oty daşamak üçin tölegler gerek bolmady, otlaryň ählisini geçiler iýdi. Öý mallary 8-nji iýunda 4,7 inedördül kilometr meýdana otlamaga goýberildi. Geçiler ol ýerdäki ösgün oty iýmek bilen, howdanlaryň suwuny haşal otlardan goramakda kömek edýärler. Goşa toýnaklylaryň eýesi bolan «Meýmeý» fermasynyň wekili Sýudzi Uehira bir geçiniň günde iki sany 90 litrlik torba ot iýýändigini gürrüň berýär. Ýokkaiti şäheriniň häkimligi eger synag şowly geçdi diýlip hasaplansa, geçiler şäheriň beýleki etraplarynda möwsümleýin işgärleri çalşarlar diýip habar berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir