Birleşen Milletler Guramasynyň baş sekretaryny saýlamak işi döwletleriň dürli garaýyşlary bilen baglylykda, uzaga çekip biler. Bu barada RF-niň DIM-niň başlygynyň orunbasary Aleksandr Alimowa salgylanýan «ria.ru» habar berdi. Alimowyň sözlerine görä, Howpsuzlyk Geňeşi meýilnama boýunça dalaşgärler üçin iýunda indikatiw ses berlişik geçirmeli, onuň netijesinde HG-niň hemişelik agzalarynyň ählisi üçin kabul ederlikli dalaşgär kesgitlenmeli. «Şondan soňra bu mesele Baş Assambleýanyň tassyklanmagy üçin Baş Assambleýanyň başlygyna geçirilýär. Bu iýulyň ahyrynda bolmaly. Polýarlygy hasaba almaga kän üns berilse gerek diýen çaklama bar» diýip, Alimow nygtady. BMG-niň täze baş sekretaty Antoniu Guterrişiň ygtyýarlylyk möhleti 31-nji dekabrda dolýar. Häzirki wagtda onuň ornuna dalaşgärleriň hatarynda Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň (MAGATE) baş direktory Rafael Grossi, BMG-niň Söwda we ösüş boýunça maslahatynyň başlygy Rebeka Grinspan we Çiliniň öňki Prezidenti Mişel Baçelet bar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir