Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan okuw işiniň maksatlary üçin okaýanlaryň şahsy ykjam tehniki serişdelerinden peýdalanmagynyň tertibi tassyklanyldy. Resminama iýun aýynyň başynda Adalat ministrligi tarapyndan 1948 bellige alyş belgisi bilen resmi taýdan döwlet belligine alyndy. Täze düzgünnama eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ýurtda hereket edýän ähli döwlet we döwlete dahylsyz bilim edaralaryna, pedagogik işgärlere hem-de okaýanlara degişlidir. Şahsy ykjam tehniki serişdeler diýlip, ykjam telefonlar, smartfonlar, planşetler, noutbuklar we smart sagatlar, şeýle-de internet toruna birikýän, surata düşürýän we ses-wideo ýazgylaryny edýän beýleki elektron gurluşlar göz öňünde tutulýar. Resminama görä, şahsy ykjam gurluşlar bilim edaralarynda elektron okuwy we uzak aralykly bilim tehnologiýalaryny peýdalanmak üçin maglumat serişdesi hökmünde ulanylar. Ykjam gurluşlaryň ulanylmagy şu aşakdaky mümkinçilikleri hödürleýär: Häzirki zaman elektron bilim web-saýtlaryna we elektron kitaphanalara girmek; Multimediýa kontentleri, ses, wideo we grafik faýllary bilen işleşmek; Elektron kitaplary hem-de okuw gollanmalaryny saklamak we ulanmak; Okuw ýumuşlarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek we amaly işleri ýönekeýleşdirmek. Munuň üçin bilim edaralarynda degişli okuw-usulyýet toplumlarynyň, internet torunyň we ýörite programmalaryň üpjünçiligi ýola goýulmalydyr. Şeýle-de, bilim edaralary tarapyndan sapak wagtynda ykjam gurluşlary saklamak üçin ýörite ýerler dörediler. Etika, saglyk we howpsuzlyk talaplary Täze tertip diňe bir mümkinçilikleri däl, eýsem berk düzgünleri we etiki kadalary hem öňe sürýär. Resminamada görkezilen esasy talaplar şulardan ybarat: Okaýanlar ykjam gurluşlary diňe mugallymyň rugsady bilen we diňe okuw maksatlary üçin ulanyp biler. Sapagyň dowamynda gurluşlar «sessiz» ýa-da «uçuş» düzgünine geçirilmelidir. Mugallymlaryň we okaýanlaryň rugsady bolmazdan olaryň foto, wideo ýa-da ses ýazgylaryny etmek gadagan. Bilim edaralary okaýanlary, olaryň ata-enelerini ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlary şu aşakdakylar bilen tanyşdyrmalydyr: ykjam gurluşlaryň diňe okuw maksatly ulanylmaga degişlidigini; olaryň uzak wagtlap ulanylan ýagdaýynda ýetirip biljek zyýanyny; terrorçylygy, urşy wagyz etmek, etniki, jynsy, dini duşmançylygy ýa-da agzalalygy wagyz edýän, zyýanly kontentleri ýaýratmak bilen meşgullanýan maglumat çeşmelerine girmekden saklanmagy; umumy kabul edilen edeplilik kadalaryna gabat gelmeýän hereketleri etmekden saklanmagy. Düzgünleriň ýerine ýetirilişine gözegçiligi Türkmenistanyň bilim ministriniň ýokary we orta hünärmen mekdepleri hem-de mekdep we mekdebe çenli çagalar edaralary boýunça orunbasarlary amala aşyrar.