Kongo Demokratik Respublikasynda ebola gyzzyrmasyndan pida bolanlaryň sany 149-a ýetdi. Bu barada ýurduň Aragatnaşyk we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ministrligi habar berdi. Kesel ýokuşanlaryň sany 710 adam, hassahanalarda 324 adam keselli bar. Ýokançdan ölümlilik 21 göterim diýlip, habarda bellenýär. Kongodaky häzirki ebola möwjemesi 15-nji maýda başlandy. Onuň merkezi Ituri ülkesinde ýerleşýär. Goňşy Ugandada hem ebola ýokanjyndan pida bolýanlar bar diýip, «Rambler.ru» ýazýar.