Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim şenbe güni, 13-nji iýunda, Sabahyň Günorta-Madaniýa awtomobil ýolunyň gurluşygynyň düýbüni tutmak dabarasynda çykyş edip, ýurduň berk halkara gatnaşyklarynyň we syýasy durnuklylygynyň ählumumy energetika çökgünliginiň döreden näbelliliklerine garamazdan, nebit we gaz üpjünçiligine yzygiderli elýeterliligi üpjün etmäge mümkinçilik berendigini mälim etdi. Hökümet Baştutanynyň aýtmagyna görä, Malaýziýanyň oýlanyşykly diplomatik çemeleşmesi Türkmenistan we Russiýa ýaly ýurtlaryň ony ýakyn hem-de ygtybarly hyzmatdaş hökmünde kabul etmegine şert döretdi. Anwar Ibrahim ýakynda Türkmenistana amala aşyran resmi saparyny ýatlap, ýurduň ýolbaşçylygynyň «Petronas» kompaniýasy arkaly dünýäniň iň iri gaz ýataklarynyň birini özleşdirmekde Malaýziýa bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýarlygyny bildirendigini belledi. Bu barada «Bernama» habar berýär. Mundan ozal, 12-nji iýunda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow hökümet mejlisiniň dowamynda Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň Aşgabada amala aşyrjak resmi saparyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. TDH-niň habar bermegine görä, dünýä ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek Prezident Serdar Berdimuhamedowyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir, şoňa görä-de Aziýa yklymynyň döwletleri bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek boýunça işler ulgamlaýyn esasda alnyp barylýar.