«Belet» platformasynda ABŞ-nyň «Möý Nuar» (Spider-Noir) atly mini-serialyň sekiz bölüminden ybarat doly möwsümi türkçe seslendiriş bilen elýeterli boldy. Tomaşaçylara serialyň reňkli hem-de ak-gara görnüşleriniň ikisi hem hödürlenýär. Serial Marvel neşirýatynyň Möý Adamyň nuar görnüşi baradaky komiksleriniň esasynda döredilip, 2026-njy ýylda ekranlara çykdy. Baş keşp — öň «Möý» lakamy bilen tanalan supergahryman, hususy derňewçi Ben Raýliniň keşbini aktýor Nikolas Keýj ýerine ýetirdi. Ol mundan ozal hem bu keşbi «Möý Adam: Älemleriň arasyndan» atly animasion filmde seslendiripdi. Wakalar 1930-njy ýyllarda Nýu-Ýork şäherinde bolup geçýär. Hususy derňewçi Ben Raýli alyp barýan işleriniň netijesinde jenaýat toparlary, syrly mahluklar we özüne çekiji hem-de howply zenan bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Bu ýagdaýlar oňa şäheriň ýeke-täk supergahrymany bolan geçmişini ýatladýar. Serialda Brendan Glison, Li Sžýun Li we Lamorn Morris hem çykyş edýärler. Taslamanyň ilkinji görkezilişi 25-nji maýda ABŞ-nyň MGM+ teleýaýlymynda boldy. 27-nji maýdan başlap bolsa ähli bölümler Amazon Prime Video striming hyzmatynda elýeterli edildi. Serial tankytçylar tarapyndan ýokary baha mynasyp boldy. Rotten Tomatoes syn agregatorynyň maglumatlaryna görä, ilkinji möwsüm tomaşaçylaryň we hünärmenleriň oňyn synlarynyň takmynan 90 göterimini gazandy.