16-njy iýunda Owganystanyň paýtagty Kabul şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň wekilleriniň gatnaşmagynda sebit duşuşygy geçiriler. Oňa Türkmenistanyň hem wekilleri gatnaşarlar. Bu barada Owganystanyň «ToloNews» teleýaýlymyna salgylanyp, «Report» azerbaýjan neşiri ýazýar. Habarda bellenilişine görä, çärä Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Azerbaýjanyň wekilleri gatnaşar. Duşuşygyň gün tertibinden sebit howpsuzlygy we durnuklylygy, ykdysady hyzmatdaşlyk, şeýle hem sebitara ulgamlaýyn baglanyşygy giňeltmek ýaly meseleler orun alar. Owganystanyň Daşary işler ministrligi bu çäräniň maksadynyň sebitara gatnaşyklary berkitmekden hem-de sebit ýurtlarynyň arasynda söwda, üstaşyr we maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmegiň ýollaryny öwrenmekden ybaratdygyny nygtaýar diýlip, habarda bellenilýär.