2026-njy ýylyň ýanwar — maý aýlarynda Baku halkara deňiz söwda porty arkaly geçirilen gury ýükleriň möçberi 950 203 tonna ýetdi, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 77 göterim köpdür. «Report» azerbaýjan neşiriniň habar bermegine görä, Baku porty arkaly daşalan ýükleriň esasy orny Türkmenistandan ugradylan kükürt we karbamid eýeleýär. Häzirki meýilleri we ýük ugradyjylaryň meýilnamalaryny göz öňünde tutanyňda, ýakyn aýlarda hem gury ýükler segmentinde ösüşiň dowam etmegine garaşylýar diýlip, habarda bellenilýär.