Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky merkezinde «Klimat bilen bagly herekede ählitaraplaýyn goşulyşmak we deň derejede gatnaşmak» atly iki günlük okuw maslahaty geçirildi. 11-12-nji iýunda geçirilen bu çäre ÝHHG-niň «Howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy dolandyrmak we ekologiýa howpsuzlygy babatda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek» taslamasynyň çäginde guraldy. Okuw maslahatyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary gatnaşdylar. Okuw maslahatyň esasy maksady ýaşlaryň howanyň üýtgemegi esasynda ýüze çykjak meseleler bilen bagly bilimlerini artdyrmakdan, şeýle hem liderlik we seljerijilik ukyplaryny kämilleşdirmekden ybarat boldy. Maslahatyň dowamynda talyplar halkara bilermenleriň ýolbaşçylygynda howanyň üýtgemegine degişli dürli ugurlar boýunça çykyşlary diňlediler. Okuwyň amaly böleginde bolsa, olar howanyň üýtgemegi bilen bagly herekede ählitaraplaýyn goşulyşmak boýunça Ýaşlaryň kararnamasynyň taslamasyny taýýarlamak we tanyşdyrmak boýunça interaktiw simulýasiýa gatnaşdylar diýlip, TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň saýtynda habar berilýär.