Döwlet Baştutanlary we Hökümet ýolbaşçylary Gurban baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatlaryny iberdiler. Bu barada TDH habar berýär. ​Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan öz gutlag hatynda türkmen Liderine berk jan saglyk we bagt, doganlyk türkmen halkyna bolsa parahatçylyk hem-de abadançylyk arzuw edip, bu mukaddes baýramyň bütin adamzada parahatçylyk we agzybirlik getirmegine bolan ynamyny bildirdi. ​Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew dostluk, doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň çalt depginler bilen ösýändigini belledi we iki ýurduň arasyndaky kötaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidiljekdigine ynam bildirdi. ​Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon mukaddes baýramyň däp-dessurlarynyň asyrlarboýy halklaryň ynsanperwerlik, sahylyk, rehimdarlyk, adalatlylyk we özara ýardamlaşmak ýaly ruhy gymmatlyklara bolan ygrarlylygyny goldap gelýändigini nygtady. ​Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow özara ynama, dostluga we hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi. ​Gutlag iberenleriň arasynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan, Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa we Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabah hem bar. Liderler Türkmenistanyň Prezidentine berk jan saglyk we bagt, türkmen halkyna hem-de bütin yslam ymmatyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdiler. ​Şeýle hem Türkmenistanyň Baştutanynyň adyna Palestina Döwletiniň Prezidenti Mahmud Abbas gutlag hatyny iberip, Palestina halkynyň adyndan Türkmenistanyň halkyna parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir