Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Ak şäherim Aşgabat» atly XXV köpugurly halkara serginiň we maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlady. Şeýle hem her ýylyň 25-nji maýynyň Aşgabat şäheriniň güni hökmünde giňden bellenilmegi diňe bir paýtagtyň ýaşaýjylary üçin däl, eýsem, bütin türkmen halky üçin buýsandyryjy wakadygyny, bu baýramçylyk mynasybetli paýtagtda halkara sergini we maslahaty geçirmegiň indi asylly däbe öwrülendigini belläp, dünýäniň hemmetaraplaýyn ösen şäherleriniň hatarynda mynasyp orun eýeleýän Aşgabadyň ähli ulgamlarda ýeten belent sepgitlerini giň halkara jemgyýetçilige ýaýmaga gönükdirilen halkara serginiň we maslahatyň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi. Bu barada TDH habar berýär. Döwlet Baştutany Gutlagynda: «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda geçirilýän «Ak şäherim Aşgabat» atly XXV köpugurly halkara serginiň we maslahatyň ak mermerli paýtagtymyzyň innowasion häsiýetli şähergurluşyk-binagärlik, amatly şäher gurşawyny döretmek, ilata häzirki zaman sanly platformalary esasynda jemagat hyzmatlaryny hödürlemek babatda gazanan üstünliklerini, ýeten sepgitlerini dünýä ýaýjakdygyna berk ynanýaryn. Köpugurly sergi we maslahat şähergurluşyk boýunça hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän taraplar üçin möhüm işewürlik meýdançasyna öwrüler, şeýle hem gözel paýtagtymyzyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, öňdebaryjy tejribeleriň giňden öwrenilmegine uly ýardam eder. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ak mermerli paýtagtymyzyň ösüşiň hem-de gözelligiň şäheri hökmünde at-abraýy barha artýar. Milli binagärligiň iň gowy ýörelgeleri öňdebaryjy gurluşyk tejribesi bilen sazlaşykly utgaşdyrylyp gurulýan dürli maksatly desgalar we binalar ýokary durmuş şertlerini üpjün etmek bilen bir hatarda, Aşgabadyň täze, döwrebap keşbini emele getirýär. Şol desgalaryň birnäçesi dünýä binagärliginiň ajaýyp täsinligi hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna hem girizildi» diýip belledi. «Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy bellenilýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ak mermerli paýtagtymyzda ençeme desgalary gurup ulanmaga bermegi maksat edinýäris. Şäher gurluşygynda, binagärlikde we täze binalaryň bezeginde öňdebaryjy tejribeleriň hem-de milli binagärlik sungatynyň iň gowy gazananlarynyň ornaşdyrylmagy esasynda ýurdumyzyň baş şäheri geljekde has-da gözelleşip, gaýtalanmajak ajaýyp keşbe eýe bolar. Bu işler Watanymyzyň durnukly ösüşiniň, ykdysady, döredijilik kuwwatynyň barha artýandygynyň aýdyň görkezijisidir. Watanymyzyň ýüregi ak şäherimiz Aşgabat dünýäniň parahatçylyk we dost-doganlyk merkezi hökmünde iri halkara forumlaryň, sergileriň hem-de başga-da köp sanly çäreleriň yzygiderli geçirilýän merkezine öwrüldi» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gutlagynda nygtady. Döwlet Baştutany Gutlag hatynyň ahyrynda paýtagty mundan beýläk-de çalt depginler bilen ösdürmek we hemmetaraplaýyn abadanlaşdyrmak babatda öňde möhüm wezipeler durýandygyny aýdyp, Aşgabadyň abadançylygyň hem-de gülläp ösüşiň nusgalyk merkezi hökmündäki abraýyny geljekde has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynam bildirdi.