Ak tamda Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýew Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär. Dabaranyň dowamynda ilçi E.Aýdogdyýew ABŞ-nyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp hem öz gezeginde Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine dostlukly salamyny ýetirmegi haýyş etdi. Şeýle hem taraplar Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda 34 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän gatnaşyklaryň ähmiýetini we söwda-ykdysady, maýa goýum, energetika, medeniýet hem-de beýleki özara bähbitli ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bolan gyzyklanmany bellediler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir