Arkalaşygyň Gaznasynyň iň gowy karib hekaýasy diýlen baýragyny alan «The Serpent in the Grove» («Çemenzarlykdaky ýylan») atly hekaýa emeli aň tarapyndan döredilen bolmaly diýlen çaklama sebäpli gopguna sezewar boldy. «Azertaj» habarlar gullugynyň ýazmagyna görä, Trinidatdan bolan yazyjy Jamiz Naziriň bu hekaýasy eýýäm «Granta» diýen abraýly edebi žurnalda çap edildi. Žurnal Nobel edebiýat baýragyny alanlaryň köpüsiniň eserlerini çap edýändigi bilen meşhurdyr. Tankytçylar we EA-ny öwrenijiler hekaýanyň neýrotorlara mahsus dil gurnawyna eýedigini aýdýarlar. Mysal üçin, alym Itan Mollik: «Hekaýa 100 göterim EA tarapyndan generirlenen» diýýär. Hekaýa «Pangram» emeli aň- barlaýjysynda iň ýokary tassyklaýjy netijä eýe bolupdyr. Baýragyň guramaçylary aýyplama çynlakaý garaýandygyny aýdýarlar, emma bu ugurda degerli barlaglary geçirmeýärler. «Granta» žurnaly hem hekaýanyň adam tarapyndan döredilendigini tassyklap bilmejekdigini boýun aldy. Ýazyjynyň özi heniz aýyplama barada hiç hili düşündiriş bermedi diýlip, habarda bellenýär.