Türkmenistanyň ilçisi Esen Aýdogdyýew Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Senatynda ABŞ-nyň senatory Stiw Deýns bilen duşuşyk geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy dialogy, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, energetikany we sebitara baglanyşygy öz içine alýan ikiçäk türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar «C5+1» formatynyň ähmiýetini hem bellediler, bu barada Türkmenistanyň ilçihanasynyň sosial sahypasynda habar berilýär. Duşuşyk türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň işjeňleşýän döwründe amala aşyryldy. 2024-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Stiw Deýns Türkmenistana sapar edip, ýurduň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan kabul edilipdi. Şol duşuşygyň dowamynda myhman ABŞ-nyň bitarap Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini nygtady. Prezident Serdar Berdimuhamedow bu gepleşikleriň döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi barada pikir alyşmak üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir