Türkmenistanda alnyp barylýan gurluşyk işlerinde täze milli çykdajy-ölçeg binýady ulanyşa giriziler. Bu baradaky teklip düýn sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedowyň hasabatynda bellenildi. TDH-niň habar berşi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli kararlaryna laýyklykda, bu ulgamy kämilleşdirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Munuň özi gurluşyk ulgamynda alnyp barylýan işlere ylmy esasda çemeleşmäge hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilige giňden ornaşdyrmaga ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda alnyp barylýan gurluşyk-gurnama, durkuny täzelemek we düýpli abatlamak işlerini döwrüň talabyna laýyklykda dowam etmegiň möhümdigini aýtdy hem-de gurluşykda täze milli çykdajy-ölçeg binýadyny ulanyşa girizmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.